Ýewropanyň immunizasiýa hepdeligi başlandy
28.04.2025 | 12:25 |Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň (BSGG) Ýurt edarasy Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi hem-de BMG-niň Çagalar gaznasynyň Türkmenistandaky wekilhanasy bilen bilelikde her ýylky Ýewropanyň immunizasiýa hepdeligini açdylar.
Ýewropanyň immunizasiýa hepdeligi 3-nji maýa çenli dowam eder hem-de ähli jemgyýetlerde sanjym etmegiň adalatly ýaýbaňlanmagynyň ýokary derejelerini tiz gazanmagyň zerurlygyna ünsi jemlär.
Şu ýyl Ýewropanyň immunizasiýa hepdeligi “Hemmeler üçin immunizasiýany gazanmak – biziň güýjümizdedir” atly şygar astynda geçirilýär. Tutuş hepdäniň dowamynda sanjym we immunizasiýa arkaly her bir adamy saglygy goramak boýunça çärelere gatnaşmagyň wajyplygy baradaky maglumatlar ýaýradylar.
Immunizasiýanyň üstünliginde öz wagtynda alynan sanjymlaryň orny barada maslahatlaşyljak hem-de 2030-njy ýyla çenli döwür üçin immunizasiýa babatynda Ýewropanyň gün tertibiniň esasy meselelerine garaljak maslahat Ýewropanyň immunlaşdyrma hepdeliginiň çäklerindäki çäreleriň başyny başlar.
29-njy aprelde saglygy goraýyş maksatnamalarynyň üstünde işleýän BMG-niň edaralarynyň (BSGG, UNICEF, UNFPA, BMG-niň Ösüş Maksatnamasy, Halkara migrasiýa guramasy we beýlekiler) hünärmenleriniň, lukmanlaryň we talyplaryň gatnaşmagynda tegelek stol geçiriler. Çäre sanjymlaşdyrma baradaky toslamalar düşünmäge ýardam berer.
ORIENT news