Iň täze habarlar

Gurbanguly Berdimuhamedowyň Merkezi Aziýa saparynyň syýasy we strategiki netijeleri

27.04.2025 | 00:35 |
 Gurbanguly Berdimuhamedowyň Merkezi Aziýa saparynyň syýasy we strategiki netijeleri

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Merkezi Aziýanyň üç ýurduna amala aşyran sapary integrasiýany çuňlaşdyrmaga gönükdirilen sebit diplomatiýasynyň täze tapgyrynyň beýany hökmünde seredilmelidir.

Ählumumy çagyryşlaryň we Ýewraziýanyň çalt özgerişleriniň döwründe sebitiň döwletleri durnukly ösüşi, howpsuzlygy we infrastruktura baglanşygy üpjün etmek üçin utgaşdyrylan çemeleşmäniň zerurdygyna has aýdyň düşünýärler. Gazagystanda, Gyrgyzystanda we Özbegistanda geçirilen türkmen halkynyň Milli Lideriniň gepleşikleri Merkezi Aziýada bitewi ykdysady we syýasy giňişlik döretmek baradaky umumy gyzyklanmany tassyklady.

Teklip edilýän bilermenler dialogy saparyň esasy netijelerini, onuň tutuş Merkezi Aziýa sebiti üçin simwoliki we amaly ähmiýetini seljerýär.

ORIENT web sahypasy tarapyndan gurnalan bu dialogyň gatnaşyjylary Türkmenistan Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklar institutynyň Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi ýolbaşçysy Şiri ŞIRIÝEW we bu merkeziň uly ylmy işgäri, filologiýa ylymlarynyň kandidaty Bekdurdy AMANSARYÝEW boldy.

2 (1).jpg

— Şiri Akoýliwiç, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasyndaky köptaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmak üçin Gazagystana, Gyrgyzystana we Özbegistana amala aşyran sapary sebitleýin integrasiýada möhüm tapgyra öwrüldi. Bu saparlar içerki we daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri tarapyndan ýeterlik derejede giňişleýin şöhlelendirildi. Şonuň üçin hronologiýa we wakalaryň faktlarynyň özüne ünsi jemlemän, syýasy we strategiki netijelere, şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideriniň Merkezi Aziýa amala aşyran sapary wagtynda görkezen “ýakynlaşma diplomatiýasynyň” üstünligine ünsi jemlemegiňizi maslahat berýärin.

— Bekdurdy Jumamyradowiç, bu çemeleşme dogry bolar. Saparlaryň maksatnamasy hakykatdanam wakalara örän baý boldy. Şol bir wagtyň özünde – örän logiki. Dört günüň dowamynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy üç ýurda baryp, birnäçe netijeli gepleşikleri we duşuşyklary geçirdi: birinjisi Gazagystan boldy, soň Gyrgyzystan we saparyň ahyrky nokady Özbegistan. Saparlar geografiki we syýasy nukdaýnazardan örän dürs düzüldipdir. Bu Türkmenistanyň sebitdäki özara gatnaşyklara giňişleýin we strategiki çemeleşýändigini nobatdaky gezek tassyklaýar.

— Ylalaşýaryn. Biz Aşgabadyň häzirki wagtda ynsanperwerlikden strategiki derejä çenli ähli derejelerde ikitaraplaýyn gatnaşyklary işjeň ösdürýändigini görýäris. Şol bir wagtyň özünde, Türkmenistan Gazagystanda, Gyrgyzystanda we Özbegistanda abraýly, ygtybarly we öňünden aýdyp bolýan hyzmatdaş hökmünde kabul edilýär. Muny türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowa bildirilen kabul edişligiň derejesi hem tassyklaýar.

— Duşuşyklaryň resmi we resmi däl derejede geçirilendigini bellemelidiris. Bu bolsa taraplaryň arasyndaky ynamyň ýokary derejesini görkezýär. Munuň özi bolsa Merkezi Aziýada hemişe uly ähmiýete eýe.

— Saparyň dowamynda esasy temalaryň biri sebitiň ulag-logistika arabaglanyşy boldy. Türkmenistan, geografiki ýerleşişi we infrastruktura mümkinçilikleri sebäpli Gündogar bilen Günbatar, Demirgazyk we Günorta arasynda üstaşyr ýollarynyň emele gelmeginde möhüm orny eýeläp biler. Bu pikir saparyň dowamynda geçirilen gepleşiklerde aýdyň beýan edildi.

— Hawa. Gürrüň diňe bir gury ýerdäki geçelgeler barada bolman, eýsem multimodal çözgütler barada-da boldy. Mysal üçin, Hazar deňzine, Eýrana we ondan aňryk – Pars aýlagynyň ýurtlaryna, Hindistana, Hytaýa çykmak. Türkmenistan logistika merkezlerini ösdürmäge yzygiderli maýa goýýar. Mysal üçin: Türkmenbaşy Halkara deňiz porty, demir ýol geçelgeleri we beýlekiler. Häzirki wagtda bulary sebitdäki goňşularymyzyň taslamalary bilen utgaşdyrmak möhümdir.

— Edil özi. Bu nukdaýnazardan, milli ösüş strategiýalaryny baglanyşdyrmaklyga ähmiýet berilýär. Umumy logistikany döretmegiň zerurdygy aýdyldy. Mysal üçin, biri-biri bilen bagly bolan Gazagystanyň “Nurly žol” maksatnamasy, Özbegistanyň Andižanda ulag merkezini ösdürmek baradaky başlangyçlary we Türkmenistanyň Günorta Aziýa bilen gatnaşyklary berkitmek ugrundaky tagallalary.

3 (1).jpg

— Bu ýerde, ýene-de şahsy faktor möhümdir. Hormatly Gurbanguly Berdimuhamedowyň türkmen halkynyň Milli lideri hökmünde gatnaşmagy bu amallara goşmaça kanuny laýyklyk we syýasy ähmiýet berýär. Oňa häzirki zaman Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasyny goýujy şahsyýet hökmünde örän dogry düşünilýär we onuň sözi hyzmatdaşlar üçin köp zady aňladýar.

— Indi ynsanperwerlik gün tertibine we saparyň medeni hem-de ruhy ölçeglerine ünsi jemläp, söhbetdeşligi dowam etdirmegi teklip edýärin. Meniň pikirimçe, Merkezi Aziýa amala aşyrylan saparyň dowamynda ynsanpewer ugra hem az ähmiýet berilmedi.

— Elbetde! Medeni miras bilen baglanyşykly wakalar aýratyn simwoliki mana eýe boldy . Mysal üçin, Türküstandaky Hoja Ahmet Ýasawynyň aramgähine baryp görülmegi, türki halklarynyň umumy taryhy we ruhy giňişligine hormat goýmagyň aýdyň alamaty boldy.

— Ylalaşýaryn. Bu zatlar tötänleýin däl – olar sebitiň “ýumşak güýjüni” güýçlendirýär. Türkmenistan däp bolşy ýaly ruhy we ahlak gymmatlyklarynyň ähmiýetini nygtaýar we türki dünýäsinde bu çemeleşme gyzgyn seslenme eýe bolýar. Bellenilişi ýaly, medeniýet we bilim arkaly uzak möhletleýin ynam döredilýär.

— Ýeri gelende bellesek, Gyrgyzystanda we Özbegistanda ýaşlar alyş-çalşygy, ylmy hyzmatdaşlyk we türki medeni mirasyna goldaw meseleriniň üstünde durlup geçildi,. Meniň pikirimçe, bu adam maýasyna we şahsyýetine maýa goýmazdan durnukly ösüşiň mümkin däldigine düşünmegi görkezýär. Bu ýerde, Türkmenistan synçy däl, işjeň gatnaşyjy. Talyp alyş-çalşygy, bilelikdäki medeni çäreler we kitaplary neşir etmek boýunça agzalan başlangyçlar hakyky ädimlerdir. Bu taslamalaryň ykdysady we syýasy ugurlarda utgaşykly dowam etdirilmegi möhümdir.

— Şeýle-de aýtsak, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Özbegistan Respublikasynyň ýokary döwlet sylagynyň gowşurylyş dabarasynda iki ýurduň arasyndaky diplomatik we medeni gatnaşyklary pugtalandyrmagyň möhüm taraplaryny beýan etdi.

— Hawa, hakykatdanam, türkmen halkynyň Milli Lideri çykyşynyň başynda ýokary döwlet sylagyň taryhy ähmiýetine we Türkmenistan bilen Özbegistanyň halklarynyň arasyndaky gatnaşyklara ünsi çekdi. Iki ýurduň arasyndaky berk baglanyşygyň nyşany hökmünde ýokary döwlet sylagyň, “Ýokary derejeli dostluk” ordeniniň gowşurylmagy ikitaraplaýyn gatnaşyklary hasam çuňlaşdyrmak üçin esas bolup hyzmat edýär. Çykyşyň esasy pursady, iki halkyň asyrlar boýy kemala gelen medeni mirasyna ýüzlenmek boldy.

— Türkmen halkynyň Milli Lideri öz çykyşynda Merkezi Aziýada sazlaşyk we doganlyk üçin esas bolup hyzmat edýän gymmatlyklary ýada salýan Magtymguly Pyragy we Alyşir Nowaýy ýaly iki halkyň beýik akyldarlaryna salgylandy. Dostlukly gatnaşyklaryň esasyny düzýän taryhy we medeni umumylyga ünsi çekdi şeýle hem halklaryň arasyndaky gatnaşyklarda birek-birege hormat goýmagyň we wepalylygyň ähmiýetini nygtady.

— Men türkmen halkynyň Milli Lideriň ulanýan simwolikasyna ünsi çekerdim. Ýollaryň we köprüleriň gurluşygyny asylly işler hökmünde bellenilmegi döwletleriň arasyndaky gatnaşyklary berkitmek üçin esasdyr. Bu nukdaýnazardan infrastruktura desgalarynyň gurluşygy diňe bir amaly däl, eýsem özara hyzmatdaşlygy we ynanyşmagy pugtalandyrmak islegini görkezýän simwoliki yşarat hökmünde hem hyzmat edýär. Çykyşyň bu tarapy, infrastruktura taslamalarynyň sebitleýin integrasiýanyň esasy elementlerine öwrülýän häzirki geosyýasy ýagdaýynda seslenme tapýar.

4 (3).jpg

— Türkmen halkynyň Milli lideriniň çykyşy Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň syýasatyna esaslanýan filosofiýasyny hem görkezýär. Milli Liderimiz diňe bir ýokary döwlet sylagy üçin däl, eýsem Özbegistanyň Prezidentiniň iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmek ugrundaky şahsy tagallalary üçin hem minnetdarlyk bildirdi. Ýagşy işleri amal etmek we adamlaryň abadançylygyna hyzmat etmek üçin esasy zada ýagny “Şawkat Miromonowiçiň filosofiýasyna” berlen üns, döwletleriň arasyndaky gatnaşyklary durnukly saklamakda şahsy diplomatiýanyň we liderligiň möhümdigini tassyklaýar.

— Özbegistanyň Baştutanynyň Türkmenistana amala aşyran sapary, Islam Karimowyň ýadygärligiň açylmagy we möhüm infrastruktura desgalarynyň gurulmagynyň bellenilmegi şeýle hem işjeň diplomatiýanyň halklaryň derejesinde gatnaşyklaryň gowulaşmagyna gönüden-göni täsir edip biljekdigini tassyklaýar. Sapar wagtynda dostlugyň nyşany hökmünde bag nahallarynyň oturdylmagy, uzak möhletli gatnaşyklary güýçlendirýän we hyzmatdaşlygyň durnukly esasyny döredýän däp-dessurlara öwrülýär.

Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň we Özbegistanyň halklarynyň arasyndaky dostlugy berkitmek üçin işlemäge taýýardygyny mälim etdi. Bu diňe bir ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň strategiki ähmiýetini däl, eýsem diplomatik we şahsy gatnaşyklaryň sebitde uzak möhletli syýasatyň üstünlikli bolmagy üçin esas bolup durýandygyny görkezýär.

— Şol bir wagtyň özünde, saparyň ykdysady düzümini belläp geçmezlik mümkin däl. Üç ýurduň ählisinde – Gazagystanda, Gyrgyzystanda we Özbegistanda - söwda we ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin aýratyn ugurlar ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu söwda dolanyşygyny we bilelikdäki maýa goýum taslamalaryny öz içine alýar.

— Mundan başga-da, Türkmenistan özara üpjünçiligi artdyrmak, serhetýaka söwdasyny we logistika infrastrukturasyny ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny açyk beýan etdi. Ulag geçelgelerini birleşdirmek pikiri aýratyn gyzykly. Türkmenistanyň üstaşyr mümkinçiliklerine isleg uly we hyzmatdaşlar muňa düşünýärler.

Energetikada – ekologik taýdan arassalygyna we ygtybarlylygyna üns berilýär. Türkmenistan energetikada, şol sanda gaz, elektrik energiýasy we gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini ösdürmek ýaly durnukly üpjünçilik ýörelgelerini yzygiderli öňe sürýär. Bu ýerde sebitde energetika boýunça özara baglanyşyk modelini döretmäge mümkinçilik bar.

— Bularyň hemmesi ýaşyl tehnologiýalara bolan gyzyklanmanyň artýan döwründe. Türkmenistan wodorod energiýasy, energiýany tygşytlamak we az uglerodly ösüş boýunça halkara hyzmatdaşlygyna bil baglaýar. Türküstanda, Çolpan-Atada we Samarkantda beýan edilen bu başlangyçlar tutuş sebitiň durnukly ösüşi üçin gün tertibiniň bir bölegidir.

— Şeýlelik bilen, jemläp aýtsak, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Gazagystana, Gyrgyzystana we Özbegistana amala aşyran sapary hoşniýetli goňşyçylygy has-da çuňlaşdyrmakda, strategiki gatnaşyklary berkitmekde we sebitdäki ileri tutulýan ugurlary utgaşdyrmakda möhüm tapgyra öwrüldi.

— Şübhesiz. Bu sapar Merkezi Aziýanyň içerden jebisleşmek üçin ýokary mümkinçiligiň bardygyny tassyklady. Türkmenistan bu işe möhüm goşant goşýar – açyk dialog, milli aýratynlyklara hormat goýmak we umumy bähbitlere üns bermek.

— Birek-birege goldaw bermäge, raýdaşlyga we durnukly ösüş islegine esaslanýan täze sebit aýratynlygy emele gelýär. Bitaraplyga we ynanyşmaga esaslanýan Türkmenistanyň diplomatiýasy bu meselede möhüm orny eýeleýär. Esasy zat – bu diňe bir söz däl, anyk başlangyçlar, mehanizmler we bilelikdäki hereketler. Diýmek has jebis, durnukly we ykdysady taýdan güýçli Merkezi Aziýa tarap öňe gidişlik barada ynam bilen aýdyp bileris.

5 (2).jpg

— Soňky ýyllarda Merkezi Aziýa syýasy we ykdysady taýdan güýçlendirilen integrasiýa döwrüni başdan geçirdi we Gurbanguly Berdimuhamedowyň Gazagystana, Gyrgyzystana we Özbegistana amala aşyran sapary bu işiň logiki dowamydyr.

— Çalt depginde üýtgeýän halkara tertibiniň çäginde sebitdäki ýurtlar söwda, energetika, howpsuzlyk we medeniýet ugurlarynda özara gatnaşyklary pugtalandyrmaga çalyşýarlar. Bu saparlar diňe bir diplomatik iş däl, eýsem Merkezi Aziýa döwletleriniň bilelikdäki tagallalar arkaly ählumymy çagyryşlaryň çözgüdini tapmak üçin işlemäge taýýardygyny görkezdi.

Üç ýurt – bir sebit, umumy gün tertibi we umumy çagyryşlar. Türkmen halkynyň Milli Lideriniň sebitdäki döwletler boýunça Merkezi Aziýa amala aşyran sapary, Türkmenistanyň Merkezi Aziýada täze integrasiýa landşaftyny emele getirmekde artýan ornuny aýdyň şöhlelenmesi boldy.

— Şeýlelik bilen, Şiri Akoýliwiç, durnukly ösüşden medeni ýakynlaşma çenli birnäçe meselä garadyk. Ara alnyp maslahatlaşylan temalar sebitiň ileri tutulýan ugur bäsdeşlik däl-de, hyzmatdaşlygyň has ýakyn utgaşdyryş tapgyryna gadam basýandygyny görkezdi.

— Örän dogry bellediňiz, Bekdurdy Jumamyradowiç. Bu hakykat, Merkezi Aziýada bitewi ykdysady we syýasy giňişligiň emele gelmegine umumy gyzyklanmany tassyklaýar.

ORIENT

Foto: orient.tm

Şeýle hem okaň: