Telekeçiler üçin işewürlik forumyna çakylyk: "Kadaly işewürlik" atly işewürlik maglumatlary, çözgütleri we ösüşi barada açyk dialog
23.04.2025 | 16:20 |Şu gün işewürlik pudagyna köre-körlükden däl-de, eýsem maglumatlara esaslanyp, karar kabul etmek möhümdir. Emma nämeden başlamaly? Haýsy gurallar hakykatdan hem netijeli bolýar we nädip wagtyñy we býujetiñi tygşytlamaly?
10-njy maýda "Arkaç" işewürlik merkezinde (Iş Nokady merkezi) eýýäm bu ýola başlan hem-de has netijeli gurallar barada gürrüñ bermäge taýyn telekeçileri ýygnarys.
Satuwsyz we mahabatsyz. Diñe janly tejribe alyşma we amaly ýumuşlar. Çäräniñ guramaçysy - Arassa Nusga konsalting kompaniýasy. Biz EOR, CRM we seljeriş çözgütleriñ ornaşdyrylmagyna ýöriteleşýäris. Forumda işlän döwrümiziñ dowamynda ýüzbe-ýüz gelen hakyky işewürlik wakalary bilen paýlaşarys.
Forumyñ maksatnamasynda:
- Pikir öñdebaryjylaryñ çykyşlary;
Aleksandr Petrosow - Arassa Nusga kompaniýasynyñ baş direktory, "Kadaly işewürlik" forumynyñ bilermeni.
Roman Ikonnikow - Arassa Nusga kompaniýasynyñ amallar boýunça direktory, "Kadaly işewürlik" forumynyñ bilermeni.
-
Dürli pudakdaky işewürlik eýeleri bilen bölümçe maslahatlaşmalary - haýsy IT-çözgütler,, hakykatdan hem, dolandyryşda, satuwlarda, derñew işlerinde we maliýe gözegçiliginde kömek etdi;
-
Tejribeden mysallar - ulgamlaýyn hasabyñ ýoklugy işewürligiñ ösüşine päsgelçilik döreden ýagdaýlary (muny nädip düzetmeli);
-
Sorag bermek we hut siziñ işewürligiñiz üçin laýyk gelýän çözgütleri tapmak mümkinçiligi.
Eger-de aşakdakylar siziñ üçin wajyp bolsa, onda forum peýdaly bolar:
-
Öz kompaniýanyñ maliýe serişdeleri barada diñe bir oýlanman, eýsem olara düşünmek;
-
Müşderiler, satuwlar we wezipeler hasabyny añsatlaşdyrmak;
-
Ýalñyşlyklaryñ we yza galaklyklaryñ sanyny azaltmak;
-
Işewürligi has aýdyñ we dolandyrylýan ýagdaýa getirmek;
-
Beýleki telekeçileriñ meñzeş wezipeleri çözmek usullary barada maglumatlary öwrenmek.
Gatnaşmak mugt esasda amala aşyrylýar, emma ýerler çäklidir.
Gysga hasaba alnyşy geçiñ (bary-ýogy 6 sorag) we giriş üçin şahsy QR-belgisini alyñ.
Janly, işewür we dogry maglumatlar gurşawyna aralaşyñ! Giñişleýin maglumatlar üçin we teklipleriñiz bilen +99365812513 telefon belgisi boýunça ýüz tutuñ!
Saýt: https://arassanusga.com
E-mail: info@arassanusga.com
Oba hojalyk pudagynda işewürlik netijeliliginiñ esasy görkezijileri
ORIENT news