TDHÇMB-da söwdalaşyklar: "BND 60/90" kysymly ýol bitumy, "SN-350" we "SN-600" kysymly esas ýagy we suwuklandyrylan gaz ýerlenildi
23.04.2025 | 08:10 |Sişenbe güni, 22-nji aprelde, Türkmenistanyñ Döwlet haryt çig-mal biržasynda geçirilen söwdalaşyklaryñ dowamynda nebit-himiýa we ýeñil senagaty önümleri ýerlenildi.
Owganystanyñ telekeçileri "Türkmennebit" Döwlet konserni bilen "BND 60/90" kysymly ýol bitumyny, "SN-350" we "SN-600" kysymly esas ýagyny satyn almak boýunça geleşik baglaşdylar.
"Türkmengaz" Döwlet konserninden olar suwuklandyrylan gazy satyn aldylar.
Türkmenistanyñ işewür toparlarynyñ wekilleri "Türkmennebit" Döwlet konserni bilen "SN-350" kysymly esas ýagyny, "BND 60/90" kysymly ýol bitumyny satyn almak boýunça geleşik baglaşdylar.
Dokma senagaty ministrliginden olar agardylmadyk matany satyn aldylar.
Söwdalaşyklaryñ netijesinde umumy bahasy 6 362 330 manada we 570 040 ABŞ dollaryna barabar bolan 7 geleşik baglaşyldy.
Türkmenistanyñ Döwlet haryt çig-mal biržasyndaky kesilen nyrhlar bilen şu salgyda tanşyp bilersiñiz.
ORIENT news
.