“Argus Media” ITSE-2025 sergisinde: nebithimiýa we logistika üçin işewürlik sessiýasy
21.04.2025 | 00:00 |2025-nji ýylyň 29-njy aprelinden 1-nji maý aralygynda Aşgabatda geçiriljek ITSE halkara sergisiniň (International Trade & Services Expo) çäklerinde möhüm ýöriteleşdirilen sessiýanyň geçirilmegi meýilleşdirilýär. 1-nji maýda nebithimiýa hem-de logistika pudaklaryna degişli iň möhüm meseleleri ara alyp maslahatlaşmak üçin işewürligiň wekilleri çärelere gatnaşmaga çagyrylýar. Sesssiýa öňdebaryjy analitik kompaniýa Argus Media tarapyndan TurkmenExpo bilen bilelikde gurnalyp, bazar hünärmenleri üçin baý we amaly taýdan peýdaly maksatnama taýýarlanyldy.
Sessiýa 9:00-dan 12:00-a çenli Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda geçiriler we bilermenleriň dialogy we öňdebaryjy tejribeleri alyşmak üçin esasy meýdança bolar. Esasy üns mineral dökünler, kükürt, nebit we nebit önümleri üçin sebit bazarlaryny ösdürmäge gönükdiriler.
Gatnaşanlaryň strategiki taýdan möhüm üç ugura jikme-jik seredilmegine garaşylýar. Öňdebaryjy tejribeler, innowasiýa çözgütleri we mineral dökünleri öndürmek we daşamak, kükürdi saklamak we daşamak boýunça esasy gözlegler, şeýle hem Merkezi Aziýada we Hazar basseýnindäki nebit we nebit önümleriniň bazaryny çuňňur seljermek hödürlener. Çagyrylan bilermenler kompaniýalara amallary işjeňleşdirmäge, çykdajylary azaltmaga we halkara bazarlarynda üstünlikli işlemäge kömek etjek bilimleri paýlaşarlar. Ekologiýa standartlaryna we pudagyň durnukly ösüş ýörelgeleriniň berjaý edilmegine aýratyn üns berler.
Ýerli kompaniýalar üçin bu ýokary derejeli halkara hünärmenleri bilen gönüden-göni tejribe alyşmak, gymmatly iş gatnaşyklaryny ýola goýmak we dünýä bazaryndaky öňdebaryjy bilermenlerinden aýratyn analitiki analitik maglumatlaryna elýeterlilik üçin ajaýyp mümkinçilikdir, Bu bolsa esaslandyrylan işewürlik çözgütlerini kabul etmekde örän möhüm bolup durýar.
Ýöriteleşen sesssiýa gatnaşmak tölegsiz bolar, emma ýerleriň çäklidigi sebäpli öňünden hasaba alynmak hökmanydyr.
Bu mümkinçilikden peýdalanmak üçin nebithimiýa we logistika pudaklarynyň işewür wekillerini, ýolbaşçylaryny we hünärmenlerini çagyrýarys! Ykdysadyýetiň möhüm ugurlarynyň geljegi barada möhüm dialogyň bir bölegi bolmak we işiňizi ösdürmek üçin gymmatly bilimleri almak üçin 2025-nji ýylyň 1-nji maýynda bize goşulyň!
Seminara ýazylmak üçin:
Resmi web sahypasy: itse.turkmenexpo.com
E-poçta: itse@turkmenexpo.com