Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Media
Anons
Tehnologiýalar
Biz barada
Habarlaşmak üçin

Samarkand şäherinde Pars aýlagynyň arap we Merkezi Aziýa döwletleriniň Hyzmatdaşlyk geňeşiniň döwlet baştutanlarynyň sammiti geçiriler

19.04.2025|16:25|
869
samarkand-saherinde-pars-aylagynyn-arap-we-merkezi-aziya-dowletlerinin-hyzmatdaslyk-genesinin-dowlet-bastutanlarynyn-sammiti-geciriler
Surat çeşmesi: cdn2.tu-tu.ru

5-nji maýda Samarkand şäherinde Pars aýlagynyň arap we Merkezi Aziýa döwletleriniň Hyzmatdaşlyk geňeşiniň döwlet baştutanlarynyň sammiti geçiriler.

Bu barada Kuweýtde geçirilen “Merkezi Aziýa we Pars aýlagy” Hyzmatdaşlyk geňeşiniň Strategiki dialogynyň daşary işler ministrleriniň 3-nji mejlisindäki çykyşynyň dowamynda Özbegistanyň daşary işler ministri Bahtiýar Saidow habar berdi diýip, kuweýt köpçülikleýin habar beriş serişdelerine salgylanmak bilen, Trend habar berýär.

Ministr Samarkand şäherinde geçiriljek bu sammitiň iki sebitiň arasyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda we çuňlaşdyrmakda möhüm ädim boljakdygyny aýtdy.

ORIENT news