Iň täze habarlar

Ýaşuly we leglek: milletiň kalbyny eýelän ajaýyp dostluk

23.03.2025 | 01:25 |
 Ýaşuly we leglek: milletiň kalbyny eýelän ajaýyp dostluk

Türkiýeden her bahar gaýtalanýan ajaýyp duşuşyk hakynda bir waka gelip gowuşdy. Bu waka bütin milletiň kalbyny eýeledi. 14 ýylyň dowamynda bu duşuşyga sada oba balykçysy Adem Ýylmaz gatnaşýar. Ol gaýygynyň içinde bir dostunyň – Ýaren atly ak leglegiň dolanyp gelmegine garaşýar.

Ýylmaz öz öýi ýerleşýän Bursa sebitiniň Eskikaraagaç obasynyň golaýyndaky ajaýyp Uluabat kölüniň kenarynda balyk tutup, sabyrly hem-de begenç bilen Ýaren leglegiň gelmegine garaşýar.

«Ýaren köplenç aýyñ başynda uçup gelyär. Gelmediginde, oña bir zat boldymyka oýtdüm» - diyip, Ýylmaz milli habarlara gurruñ berdi. «Men onuñ ýolda howpa uçrandyr öýdüp, bir hepdeläp gama batdym. Emma, meniń bagtyma Ýaren dolanyp geldi. Ol şu gün irden gaýygyma gondy we meniň getiren balygymy iýdi».

23032025-starik-i-aist- (1).jpg

14 ýylyň dowamynda Ýaren her ýyl 2500 mil aralygy geçip, Saharanyň günortasyndaky Afrika ýurtlarynda gyşky möwsümde köpelýän ýerlerinden uçup gelýär we Ýylmazyň gaýygyny öz duralgasyna öwürýär.

Ak leglek her ýyl bu ugur boýunça her ýyl Balkanlar, Gresiýa we Türkiýe ýa-da Gibraltar arkaly uçup, bahar möwsüminde yzyna dolanyp, höwürtge gurýar we çagalaryny ýetişdirýär. Eskikaraagaç bolsa, Ýewropanyň leglek obalarynyň toruna girýär. Bu gurama leglekleriň goralmagyna uly ähmiýet berýän şäherleri we obalary goldaýar.

23032025-starik-i-aist- (4).jpg

Türk ýabany tebigatyň suratçysy Alper Tuýdes Ýylmaz bilen bilelikde Ýaren leglegiň gelmegine garaşdy we hatda görnükli syýasy adamlaryň hem ünsüni özüne çeken ajaýyp dostlugy surata düşürdi.

«Bahar geldi, hasrat tamamlandy… Bu ýürekleri heýjana salýan duşuşyk öz 14 ýyllygyny belleýär» diýip, Türkiýäniň oba we tokaý hojalygy ministri Ibrahim Ýumakly X sosial ulgamynda ýazdy. «Adem aga bilen Ýaren ýene-de bile».

23032025-starik-i-aist- (5).jpg

«Bu tebigatyň, dostlugyň we görnüş tapawudyna garamazdan ýürekden baglanyşyklaryň ähmiýetini ýatladýan täsin waka» diýip, Turkiye Today habar berdi. «Bu ýyllyk duşuşygyň şaýady bolmak bagty miýesser edenler üçin hakykatdan hem ruhlandyryjy hem-de şatlandyryjy pursat".

ORIENT

Foto: Alper Tuydes/Anadolu via Getty Images

Şeýle hem okaň: