Mary welaýatynyň OHOM-niň talyplary üçin “Sanly ykdysadyýet” dersi boýunça bäsleşik geçirilýär
15.03.2025 | 14:00 |Talyp ýaşlaryň öwrenen nazary we amaly bilimlerini döredijilikli kämilleşdirmek we zehinli ýaşlary ýüze çykarmak maksady bilen, 2025-nji ýylyň mart aýynyň 28-ine sagat 13:00-da Mary welaýatynda ýerleşýän orta hünär okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda “Sanly ykdysadyýet” dersi boýunça ders bäsleşigi geçirilýär.
Bu ders bäsleşigine Mary welaýatynyň orta hünär okuw mekdeplerinden isleg bildiren 3 (üç) talyp gatnaşyp bilýär. Bäsleşik Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty tarapyndan düzülen test soraglaryndan ybarat bolup, gatnaşyjylara diňe syýa galam getirmäge we ulanmaga rugsat berilýär.
Gatnaşyjylara aragatnaşyk serişdelerini, elektron-hasaplaýjy tehnikany, foto, audio we wideo enjamlaryny, gözükdiriji serişdeleri hem-de maglumat göterijileri, aragatnaşyk geçiriji islendik serişdeleri ulanmaga rugsat berilmeýär.
Bäsleşige gatnaşýan talyplar ýumuşlary özbaşdak işlemelidirler. Goşmaça kömek edilen ýa-da geçýän wagty gapdalyndaky ýoldaşy bilen gürleşen we kitap-gazet makalalaryny ulanan gatnaşyjy bäsleşige gatnaşýanlaryň hataryndan çykarylýar;
Ýaryşa gatnaşjak talyplar we olara berkidilen jogapkär mugallym baradaky maglumatlary 2025-nji ýylyň mart aýynyň 24-ine çenli aşakda görkezilen görnüşinde word (*.docx) faýlynda marymaliyeohomekdep@sanly.tm; marymaliyeohomekdep@gmail.com salgysyna ugratmaly.
Bäsleşigiň netijesi beýanlar arkaly resmileşdirilýär we eminler toparynyň netijenamasy esasynda gatnaşyjylaryň 30%-i ýeňiji diýip yglan edilýär we olar I, II we III derejeli diplomlar bilen şeýle-de ýadygärlik sowgatlar bilen sylaglanarlar.
Habarlaşmak üçin Tel: +993 564 6 92 96; +993 62 30 95 59.
ORIENT