Türkmenistanlylar ÝHHG-niň parahatçylyk we howpsuzlyk meseleleri boýunça talyp hakly maksatnamalaryna arzalaryny tabşyryp bilerler
12.02.2025 | 11:40 |Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasyna gatnaşyjy-döwletleriň, şol sanda Türkmenistanyň ýa-da hyzmatdaş ýurtlarynyň raýatlary dawalaryň öňüni almak we olary çözmek boýunça çärelere ýöriteleşdirilen parahatçylyk we howpsuzlyk meseleleri boýunça talyp hakly maksatnamalaryna gatnaşmak üçin arzalaryny tabşyryp bilýärler.
ÝHHG-niň parahatçylyk we howpsuzlyk meseleleri boýunça talyp haky maksatnamalary ýaş hünärmenleriň hukuklarynyň we mümkinçilikleriniň giňeldilmegine, olaryň howpsuzlyk ulgamyna çekilmegine hem-de hünär aragatnaşyklarynyň we ösüş mümkinçilikleriniň ýokarlandyrylmagyna gönükdirilendir.
Gatnaşyjylar gepleşikleri alyp barmagyň usullaryny öwrenip bilerler, ÝHHG sebitinde dawalaryň öňüni almagyň gurallary baradaky bilimlerini ýokarlandyrarlar.
Saýlap alynan gatnaşyjylar ÝHHG-niň elektron bilim platformasynda ýerleşdirilen ÝHHG sebitinde dawalaryň öňüni almak we olary çözmek, ýaraglandyrmaga gözegçilik etmek, ýaragsyzlandyrmak hem-de ýaýratmazlyk boýunça 6 hepdelik onlaýn-okuwlaryny geçerler. Onlaýn-okuwy 2025-nji ýylyň 7-nji aprelinden 18-nji maýyna çenli dowam eder hem-de okamagyň gatnap/gaýybana görnüşi we/ýa-da iş borçlary bilen utgaşdyrylar.
Onlaýn-okuwyny üstünlikli tamamlan gatnaşyjylar 2025-nji ýylyň güýzünde Wena şäherinde geçirilmegi meýilleşdirilýän çärä çagyrylar. Çäre gepleşikler we araçylyk boýunça seminarlary, Wenadaky halkara guramalaryň wekilleriniň brifinglerini, şeýle hem bilermenler bilen maslahatlaşmalary we tanyşdyrylyş gezelençleri öz içine alar.
Maksatnama gatnaşmaklyk mugt. Çäräniň çykdajylaryny Gurama öz üstüne alýar.
Gatnaşmak üçin arzany iň bolmanda, bakalawr derejesine eýe bolan 22-32 ýaş aralygynaky ýaşlar tabşyryp biler.
Arzalaryň kabul edilmegi 28-nji fewralda sagat 13:00-da (merkezi ýewropa wagty boýunça, Wena) tamamlanýar.
ORIENT news