Iň täze habarlar

Sakarçäge etraby ýylyň jemleri boýunça geçirilen bäsleşikde ýeňiji boldy

08.02.2025 | 02:15 |
 Sakarçäge etraby ýylyň jemleri boýunça geçirilen bäsleşikde ýeňiji boldy

Welaýatlaryň etraplaryň we etrap hukukly şäherleriň arasynda geçirilen bäsleşigiň netijelerine boýunça 2024-nji ýylda durmuş, ykdysady, medeni görkezijiler babatda iň gowy netijeleri gazanan Mary welaýatynyň Sakarçäge etraby Türkmenistanyň iň gowy etraby bäsleşigiň ýeňijisi diýlip kesgitlenildi.

Ýörite topar tarapyndan jemlenen bäsleşigiň netijeleri barada anna güni, Hökümetiň mejlisinde Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň başlygy Oguljennet Berdiliýewa hasabat berdi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabyny bu bäsleşigiň diýip yglan etmek we bu etrabyň häkimligini 1 million ABŞ dollary möçberinde pul baýragy bilen sylaglamak hakynda Buýruklara gol çekdi.

Döwlet Baştutanynyň başga bir Buýrugyna laýyklykda, 1 million ABŞ dollary möçberinde baýragy almak üçin ýene bir bäsleşik – welaýatlaryň etraplaryň we etrap hukukly şäherleriň arasynda şeýle hem Aşgabat şäheriniň etraplarynyň arasynda 2025-nji ýylyň jemleri boýunça welaýatlarda durmuş, ykdysady, medeni taýdan ähli görkezijiler boýunça iň ýokary netijeleri gazanmak ugrunda bäsleşik yglan edildi.

ORIENT

Foto: orient.tm

Şeýle hem okaň: