TDHÇMB-da söwdalaşyklar: ýeňil senagaty önümleri we “TPP D 30 S” kysymly polipropilen ýerlenildi
06.02.2025 | 09:30 |5-nji fewralda, çarşenbe güni, Türkmenistanyň Döwlet haryt çig-mal biržasynda geçirilen söwdalaşyklaryň dowamynda nebit-himiýa we ýeňil senagaty önümleri ýerlenildi.
BAE-niň telekeçileri Türkmenistanyň işewür toparynyň wekilleri bilen nah ýüplükleri, “ÖT-30” iki adamlyk ýorgan-ýassyk daşlygy toplumyny we nah matalary satyn almak barada geleşik baglaşdylar.
Türkmen telekeçileri “Türkmennebit” Döwlet konserni bilen “TPP D 30 S” kysymly polipropileni satyn almak barada geleşik baglaşdylar.
Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginden olar ortaça reňklerdäki boýalan we sütükli önümleri satyn aldylar. Söwdalaşyklaryň netijesinde umumy bahasy 27 515 000 manada we 1 345 327,95 ABŞ dollaryna barabar bolan 7 geleşik baglaşyldy.
Türkmenistanyň Döwlet haryt çig-mal biržasyndaky kesilen nyrhlar bilen şu salgyda tanşyp bilersiňiz.
ORIENT news