Iň täze habarlar

ÝTÖB Türkmenistanyñ welaýatlarynda telekeçiler we ýolbaşçylar üçin mugt HR-okuwlaryny geçirdi

09.11.2024 | 12:05 |
 ÝTÖB Türkmenistanyñ welaýatlarynda telekeçiler we ýolbaşçylar üçin mugt HR-okuwlaryny geçirdi

Ýewropanyñ Täzeleniş we Ösüş banky Türkmenistanyñ welaýatlarynda telekeçiler we hususy kompaniýalaryñ ýolbaşçylary üçin mugt okuwlary gurady. Işgärleri dolandyrmak boýunça hünär taýýarlygyny ýokarlandyrmaga gönükdirilen maksatnama oktýabr aýynda dört welaýatda geçirildi: Maryda (14-nji oktýabr), Balkanabatda (21-nji oktýabr), Daşoguzda (24-nji oktýabr) we Türkmenabatda (30-njy oktýabr).

4.jpg

Okuwlar Ýewropa Bileleşiginiñ maliýe goldawy bilen geçirilip, işgärleri netijeli dolandyrmak, işgärleri gözläp tapmagyñ we işe almagyñ häzirki zaman usullaryny ornaşdyrmak, hünär ösüşini höweslendirmek we dolandyrmak ýaly mowzuklary öz içine aldy. Gatnaşyjylar işgärleriñ edipliliginiñ ýokarlandyrylmagyna hem-de olaryñ önümçiliginiñ gowulandyrylmagyna gönükdirilen strategik HR-işiniñ ornaşdyrylmagyny öwrendiler.

1.jpg

Amal taraplaryna aýratyn ähmiýet berildi: gatnaşyjylara Maslahatly çözgüt kompaniýasynyñ maslahatçysynyñ kömegi bilen öz kompaniýalarynda mugt HR-derñewini geçmek mümkinçiligi berildi.

Maksatnama Maryda Türkmenistanda ÝTÖB-iñ wekiliýetiniñ başlygy Erik Liwniniñ gatnaşmagynda öz işine başlady. Ol bu okuwlaryñ telekeçilere işgär meselesindäki işleri gowulandyrmaga we işewürligiñ netijeliliginiñ ösüşine ýardam etmäge kömek etjekdigini belledi.

2.jpg

Bu okuw taslamasy Türkmenistanda hususy bölegiñ we kiçi işewürligiñ ösüşini goldamak boýunça ÝTÖB-iñ giñ tagallalarynyñ bir bölegi hasaplanylýar.

ORIENT news

Foto: Ýewropanyñ Täzeleniş we Ösüş banky

Şeýle hem okaň: