Iň täze habarlar

Türkmenistanda statistika dersi boýunça Internet bäsleşigi geçiriler

11.10.2024 | 17:20 |
 Türkmenistanda statistika dersi boýunça Internet bäsleşigi geçiriler

12-nji dekabrda bellenilýän Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli Türkmenistanda ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda statistika dersi boýunça Interne bäsleşigi geçiriler.

Bäsleşik statistika bilen baglanyşykly meseleleri seljermäge ukyply zehinli ýaşlary terbiýelemäge, ýaşlaryň statistika bolan höwesini artdyrmaga, şeýle hem ýaş nesliň intellektual ösüşini kämilleşdirmäge gönükdirilendir. Her ýokary okuw mekdebiniň adyndan hünärine garamazdan üç talyba çenli gatnaşyp bilýär.

Bäsleşik 18-nji noýabrda her ýokary okuw mekdebiniň binasynda wideoragatnaşyk arkaly sagat 14:00-da başlar.

Ders bäsleşigi Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň sanly bilim portalynyň esasynda guralar. Portal jogapkär mugallymlar üçin intellektual ders bäsleşiginiň geçirilýän gününde elýeterli bolar.

Bäsleşik türkmen dilinde test soraglar we ýumuşlar görnüşinde geçiriler. Gatnaşmagyň esasynda alyp boljak iň ýokary ball 120-ä deňdir.

Ýumuşlary ýerine ýetirmek üçin gatnaşyjylara 60 minut wagt beriler.

Gatnaşyjylar we jogapkär mugallymlar baradaky maglumatlar 2024-nji ýylyň 1-10-njy noýabr aralygynda tdei@tdei.edu.tm elektron salgysyna iberilmeli.

Ähli soraglar bilen aşaky salgylara ýüz tutmaly:

Göwher Garahanowa, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň Energetika pudagynyň ykdysadyýeti kafedrasynyň müdiri, +99363047414 (annageldiyewna89@mail.ru)

Kerwen Berdiliýew, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň Energetika pudagynyň ykdysadyýeti kafedrasynyň mugallymy, +99362399022 (kerwenberdiliyew0@gmail.com).

ORIENT news

Foto: education.gov.tm

Şeýle hem okaň: