Iň täze habarlar

Türkmenistanda Gazagystan Respublikasynyň Medeniýet günleri köpsanly myhmanlary ýygnady

10.10.2024 | 11:51 |
 Türkmenistanda Gazagystan Respublikasynyň Medeniýet günleri köpsanly myhmanlary ýygnady

Aşgabatda 7-10-njy oktýabr aralygynda geçirilen Türkmenistanda Gazagystan Respublikasynyň Medeniýet günleri köpsanly myhmanlary ýygnady.

Bu barada Gazagystanyň “Kazinform” halkara habarlar agentligi habar berýär.

Türkmenistanyň Medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Gazagystanyň sungat ussatlarynyň dabaraly konserti Medeniýet günleriniň jemleýji çäresi boldy.

“Шаттық елі” eseri bilen halk gurallarynyň Gazak milli orkestri, “Он саусақ” kompozisiýasyny ýerine ýetiren Gazagystan Respublikasynyň halk artisti Ramazan Stamgaziýew, Rasul Žarmagambetow, Abylaý Tlepbergen, Tanat Sadenow we “Бірлік” tans topary türkmen tomaşaçylarynyň öňünde çykyş etdiler. Gazagystan Respublikasynyň at gazanan artisti Alişer Karimow türkmen dilinde “Jan Watanym Türkmenistan” aýdymyny ýerine ýetirdi.

Türkmenistanlylar üçin Medeniýet günleriniň çäginde “Сарыaрқа” maksatnamasy bilen Kurmangazy adyndaky halk gurallarynyň Gazak milli orkestriniň hem-de “Serhetsiz owazlar” maksatnamasy bilen Roza Baglanowa adyndaky “Қазақконцерт” Döwlet akademiki konsert guramasynyň “Saz&Soul” toparynyň konsertleri guraldy.

ORIENT news

Foto: inform.kz

Şeýle hem okaň: