Iň täze habarlar

Pariž – 2024 Oýunlarynyň Olimpiýa obasy ilkinji türgenleri kabul etdi

20.07.2024 | 08:52 |
 Pariž – 2024 Oýunlarynyň Olimpiýa obasy ilkinji türgenleri kabul etdi

Pariž – 2024 ilkinji türgenleri Fransiýanyň paýtagtynda Olimpiýa obasynyň resmi taýdan açylmagy bilen garşy aldy.

Ilkinji günde Awstraliýa we Braziliýanyň ýygyndylarynyň türgenleri umumy meýdany 54 gektar bolan oba geldiler.

Umuman, Sena derýasynyň kenaryndaky şäherde Olimpiýa oýunlary wagtynda 14 müňden gowrak, türgenleriň we Paralimpiýa Oýunlary wagtynda 8 müňden gowrak türgeniň kabul edilmegine garaşylýar.

Parižiň Sen-Deni, Sen-Uan we Il-Sen-Deni ýaly ýaşaýyş toplumlaryny öz içine alýan bu obada 3200 orunlyk naharhana, 24 sagatlyk fitnes merkezi, saglyk we market bar.

Olimpiýa oýunlaryndan soň oba, şäheriň ýaşaýyş toplumyna öwrüler. Täze ýaşaýyş toplumda 2500 täze jaý, myhmanhana, talyplar umumy ýaşaýyş jaýy, ýedi gektar töweregi bag-bakjaly meýdanlar we seýilgähler, ofislar we dükanlar bolar.

Nyşana atmak, basketbol (deslapky tapgyr), gandbol, ýelkenli ýüzmek we serfing boýunça bäsleşýäntürgenleri Şatorda, Lillde, Marselde we Taitide goşmaça türgenler obalary myhman alar.

Halkara Olimpiýa Komitetiniň (HOK) Prezidenti Tomas Bah ilkinji gelen türgenleri garşy aldy.

"Ahyr soňy biz bärde" – diýip, Oýunlar wagtynda türgenlere elýeterli boljak ähli amatlyklary we sport desgalarynyň ähli hil standartlaryna laýyk gelýändigine ýokary baha berdi.

2024-nji ýylyň Olimpiýa oýunlary Parižde 26-njy iýulda başlap, 11-nji awgustda tamamlanar. Paralimpiýa oýunlary 2024-nji ýylyň 28-nji awgustyndan 8-nji sentýabry aralygynda geçiriler.

ORIENT news

Foto: sport-express.ru

Şeýle hem okaň: