Iň täze habarlar

Türkmenistanyň Ilçisi Şweýsariýanyň Prezidentine ynanç hatyny gowşurdy

12.06.2024 | 15:35 |
 Türkmenistanyň Ilçisi Şweýsariýanyň Prezidentine ynanç hatyny gowşurdy

Türkmenistanyň Şweýsariýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Wepa Hajiýew Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Prezidenti Wiola Amherde şahsyýetnamalaryny gowşurdy. Dabara sişenbe güni 11-nji iýunda Bern şäherindäki Federal köşkde geçirildi.

Söhbetdeşlikde ilçi W. Hajiýew Prezident Serdar Berdimuhamedowyň Wiola Amherde mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi, şeýle hem türkmen tarapynyň Türkmenistan bilen Şweýsariýanyň arasynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we dostlukly gatnaşyklary çuňlaşdyrmak, Şweýsariýa maýa goýumlaryny we tehnologiýalaryny ýurda çekmek ýaly medeni-ynsanperwer ugurlardaky gyzyklanmasyny beýan etdi.

WhatsApp Image 2024-06-11 at 19.21.57_e53399f7.jpg

Şweýsariýanyň Prezidenti mähirli salamlar we ýakymly arzuwlar üçin minnetdarlyk bildirip hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlyga taýýardygyny mälim etdi.

Wiola Amherd Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa mähirli we dostlukly salam ýollady.

ORIENT news

Foto: Şweýsariýadaky Türkmenistanyň ilçihanasy tarapyndan berlen

Şeýle hem okaň: