Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Media
Anons
Tehnologiýalar
Biz barada
Habarlaşmak üçin

Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň Strategik barlaglar merkeziniň direktory Merkezi Aziýa halkara instituty bilen özara hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşdy

01.06.2024|09:35|
1313
turkmenistanyn-dim-nin-halkara-gatnasyklary-institutynyn-strategik-barlaglar-merkezinin-direktory-merkezi-aziya-halkara-instituty-bilen-ozara-hyzmatdaslygy-ara-alyp-maslahatlasdy
Surat çeşmesi: uza.uz

Daşkentdäki Merkezi Aziýa halkara institutynda Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň Strategik barlaglar merkeziniň direktory Şiri Şiriýew bilen duşuşyk boldy diýip, Özbegistanyň Milli habarlar agentligi habar berýär.

Söhbetdeşler Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary instituty bilen Merkezi Aziýa halkara institutynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky ylalaşyga laýyklykda, hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň ileri tutulýan ugurlary boýunça pikir alyşdylar.

Hususan-da, özara saparlary, bilelikdäki maslahatlary, “tegelek stollary” hem-de okuw maslahatlaryny guramagyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şeýle hem olar Daşkentde Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan bilelikdäki maslahaty geçirmegiň mümkinçiligine seretdiler we beýik türkmen akyldarynyň döredijiliginiň möhüm ähmiýetini bellediler.

ORIENT news