Iň täze habarlar

BYD London üçin täze iki gatly awtobuslary ibermegi meýilleşdirýär

23.05.2024 | 09:57 |
 BYD London üçin täze iki gatly awtobuslary ibermegi meýilleşdirýär

Hytaýyň BYD awtomobil öndürijisi Angliýanyň paýtagtyny iki gatly awtobuslar bilen üpjün etmek boýunça bäsleşige gatnaşýar.

Şu hepde Londonda BYD BD11 awtobusy tanyşdyryldy.

Täze iki gatly awtobus kuwwaty 532 kw sagat bolan hem-de takmynan 640 km ýol geçmäge ýetýän Blade batareýasyndan işleýär.

Londondaky awtobuslaryň aglabasy günde 180 km-den 360 km-e çenli ýol geçýärler.

Akkumulýator ulag serişdesiniň esasy böleginde – şassisinde ýerleşdirildi. Kompaniýada aýtmaklaryna görä, munuň özi awtobusyň agyrlygyny 8% azaldýar we ýolagçylar üçin has köp ýer galdyrýar.

Awtobus her biriniň kuwwaty 150 kWt bolan iki sany hereketlendiriji bilen üpjün edildi. Ulag serişdesiniň öwrülme radiusy 8 metre deň.

BD11-iň uzynlygy 10,9 metr, tigirleriniň arasy 5,44 metr, ini 2,55 metr, beýikligi bolsa 4,3 metrdir.

Görnüşine görä awtobus 90-a çenli ýolagçyny daşamaga niýetlenendir. BYD awtobuslary Hytaýda öndüriler, ýöne BYD 11-de ulanylýan komponentleriň 34%-i Ýewropdan getirilýär. Täze awtoulag serişdesiniň bahasy 508 müň dollar, bu bolsa britaniýaly bäsdeşleriniň bahasyndan 125 müň dollar arzandyr.

Beýik Britaniýanyň öňdebaryjy ulag kompaniýalarynyň biri bolan Go-Ahead Group 100 sany awtobusy buýurmagy meýilleşdirýär.

Londondaky häzirki Routemaster awtobuslary dünýäde iň tanalýan awtobuslar bolup, Londonyň ýaşaýjylarynyň we myhmanlarynyň arasynda uly meşhurlyga eýe boldy.

ORIENT news

Foto: ixbt.com

Şeýle hem okaň: