Gurbanguly Berdimuhamedow TDG-niň Aksakgallar geňeşiniň çäklerinde birnäçe başlangyçlary öňe sürdi
12.03.2024 | 10:01 |Şu günler Aşgabat şäherinde geçirilýän Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň 15-nji mejlisiniň çäklerindäki duşuşykda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow birnäçe başlangyçlary öňe sürdi. Kiçi düzümde geçirilen mejlisiň ahyrynda Gurbanguly Berdimuhamedow birnäçe tejlipler beýan etdi. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi mälim edýär.
Şolaryň hatarynda Halklaryň arasynda dost-doganlygy berkitmekde, agzybirligi, jebisligi pugtalandyrmakda, ýaşuly nesil hökmünde edep-ekramly, zähmetsöýer ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmekde bitirilen hyzmatlary göz öňünde tutup, Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň «Hormatly aksakgaly» diýen adyny we onuň nyşanyny döretmek; Geňeşiň alyp barýan işini dünýä jemgyýetçiligine giňden wagyz etmek maksady bilen, Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň redaksiýasyny döretmegi, ýagny munuň üçin geljekde ýörite gazeti ýa-da žurnaly neşir etmegi we onuň internet sahypasyny açmak; hyzmatdaşlyga itergi berjek Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň 15-nji mejlisiniň netijeleri boýunça Beýanatyň taslamasyny kabul etmek teklip edildi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Aksakgallar geňeşiniň 15-nji mejlisiniň Aşgabatda geçirilmegi bir tarapdan, Türkmenistanyň türki döwletler bilen ýakyn hyzmatdaşlyga ygrarlydygyny görkezýän bolsa, beýleki bir tarapdan, bize bildirilen uly ynam we jogapkärçilik bolup durýandygyny belledi.
Gurbanguly Berdimuhamedow mejlisiň çäklerinde serediljek meseleleriň, kabul ediljek çözgütleriň diňe bir Aksakgallar geňeşiniň däl, eýsem, Türki Döwletleriň Guramasynyň hem geljekki ösüşini kesgitlemäge ýardam berjek tapgyr boljakdygyna ynam bildirdi.
ORIENT news