Iň täze habarlar

Hokkeý boýunça Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndysy dünýä çempionatynyň 3-nji diwizionyndaky oýunlarda kümüş medal gazandy

11.03.2024 | 10:02 |
 Hokkeý boýunça Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndysy dünýä çempionatynyň 3-nji diwizionyndaky oýunlarda kümüş medal gazandy

Hokkeý boýunça Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndysy 18 ýaşa çenlileriň arasynda geçirilen dünýä çempionatynyň 3-nji diwizionyndaky “B” toparçadaky oýunlarda kümüş medal gazandy. Oýunlar Günorta Afrika Respublikasynyň (GAR) Keýptaun şäherinde geçirildi.

“A” toparyň düzümine girmek geçirilen oýunlarda türkmen hokkeýçilerine GAR-yň, Gonkongyň we Tailandyň toparlary bäsdeş boldular. Oýunlaryň altyn medaly 2014-nji ýyldan bäri ilkinji gezek Gonkongyň hokkeýçilerine nesip etdi. Üç topar – Türkmenistanyň, Tailandyň we Gonkongyň toparlary birbada 6 utuk topladylar. Munuň netijesinde, ýeňiji bolan topar şaýbalaryň tora salnyşyndaky tapawut boýunça saýlanyldy.

Şeýlelikde, Gonkongyň hokeýçileri diwizionyň “A” toparyna çykmaga hukuk aldylar. Türkmen türgneleri bolsa bu babatda öz güýçlerini geljek ýylda hem synap görerler. Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň baýrakly orna düşmegi olaryň üstünlikli çykyşlarynyň sanyny barha artdyrar.

ORIENT news

Foto: Hokkeý boýunça Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndysy

Şeýle hem okaň: