Iň täze habarlar

Türkmenistanyň we Katar Döwletiniň bilim ministrleri özara gatnaşyklary ösdürmek meselelerini maslahatlaşdylar

26.02.2024 | 07:38 |
 Türkmenistanyň we Katar Döwletiniň bilim ministrleri özara gatnaşyklary ösdürmek meselelerini maslahatlaşdylar

Türkmenistanyň Doha şäherine gulluk-iş saparyny amala aşyrýan wekiliýet toparyna başlyklyk edýän bilim ministri Baýramgül Orazdurdyýewanyň katarly kärdeşi Ali Al Jabr Al Nuaými bilen duşuşygy boldy. Onuň barşynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meseleleri maslahatlaşyldy. Bu barada Türkmenistanyň Katar Döwletindäki ilçihanasy habar berýär.

Bilim ulgamynda özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ugurlaryny we täze açylýan mümkinçilikleri maslahatlaşmak türkmen wekiliýetiniň iş saparynyň esasy mazmunyny düzdi. Netijeli gatnaşyklary ýola goýmak we ýokary bilim ulgamynda tejribe alyşmak üçin giň mümkinçilikleriň bardygy bellendi.

Saparyň çäklerinde türkmen wekiliýetiniň Katar Döwletiniň Milli muzeýine we Kataryň Yslam sungaty muzeýine gezelenji guraldy. Türkmenistanyň wekilçilikli toparynyň Katar Döwletine gulluk-iş sapary dowam edýär.

ORIENT news

Foto: Türkmenistanyň Katar Döwletindäki ilçihanasy

Şeýle hem okaň: