Gurjak teatrynyň sahnasyna gezelenç: täsinligi kim döredýär?
08.01.2024 | 16:08 |Ýakynda Aşgabatdaky Fransuz “MLF” mekdebiniň başlangyç synp okuwçylary we çagalar bagynda terbiýelenýänler Türkmen döwlet gurjak teatryna baryp gördüler.
Çagalaryň we mugallymlaryň topary awtobusly teatryň ýanyna golaýlanlarynda, hemmeler ony görjek bolup, awtobusyň aýnasyndan seretdiler. Binanyň gümmezi we diňi ertekilerdäki jadyly köşgi ýada salýar. Onuň daş görnüşi diňe bir çagalarda däl, eýsem ulularda hem uly täsirleri galdyrýar. Biz aşgabatlylar şeýle täsinlikleri her günde diýe ýaly görüp, bolmaly zat ýaly gözümiz öwrenişip gidipdir.
Gurjak teatrynyň çyzgysynyň teatryň ilkinji direktorynyň haýyşy boýunça fransuz suratkeşi tarapyndan çyzylandygyny aýdýarlar. Soňra bu nusga Aşgabat şäherine getirilip, türkmen arhitektorlary tarapyndan üsti ýetirilýär. Bu hakykatmy ýa-da ýok, teatrymyz hakykatdanam özboluşly binagärlik keşpde bina edilipdir!
Teatryň baş girelgesinde ýaşajyk myhmanlary towşan we it keşbindäki lybaslary geýen teatr artistleri garşyladylar. Çagalar halaýan gahrymanlarynyň töweregine üýşdüler we şatlandylar. Towşanjyk we it teatr gezelenjinde çagalara ýoldaş boldy.
Teatryň giň zalyna giren çagalar başlaryny ýokary galdyrdy. Ertekilerdäki ullakan humaý guşunyň keşbindäki ajaýyp lýustra seredip, olar haýran galdylar. Bu lýustra hakyky humaý guşy deýin özüniň nurly ýalkymy bilen bütin zaly ýagtylandyrýar.
Teatryň artisti Atajan özüniň ajaýyp ýylgyryşy bilen myhmanlary garşylady we teatryň täsin ýerleri bilen tanyşmaga çagyrdy. Çagalar onuň tanyşdyrmagy bilen teatryň ajaýyplyklaryna gezelenç etdiler.
Bu ýerdäki aýna witrinadan teatr toparynyň abraýly halkara ýaryşlarda alnan köp sanly diplomlary we baýraklary ýerleşdirilipdir. Şeýle hem bu ýerde dünýäniň dürli teatrlaryndan getirilen gurjaklar ýerleşdirilipdir.
Atajan çagalara haýsy gurjaklaryň nähili görnüşleriniň bardygyny, artistleriň olara nähili “jan berýändigini”, nähili ses berilýändigini we ýasalandygyny gürrüň berdi. Soň bolsa gurjaklaryň birini eline alyp, ony “janlandyrdy”. Gurjak ýöräp, salamlaşmak üçin ellerini ýokaryk galdyrýar, dostlukly ýagdaýda başyny atýar ... Çagalar jadylanan ýaly. Atajan çagalary gurjak dolandyrmagy öwrenmäge çagyrdy. Olar uly höwes bilen gurjagy hereketlendirmäge başladylar.
Gezelenç zallaryň bezegine tomaşa etmek bilen dowam etdi. Teatrda olaryň ikisi – kiçi we uly tomaşa zallary bar. Uly zal döwrebap sahna enjamlary bilen enjamlaşdyrylyp, ol 300 tomaşaça niýetlenendir. Çagalar ýerlerine geçip oturan batlaryna, sahna oýnuna taýýarlyk işleri başlandy. Sahnada sahna bölekleri, tehniki barlaglar ýerine ýetirildi, artistler özara gepleşdiler. Tomaşa zalynyň merkezinde sahna oýnuny goýujy režissýor we onuň kömekçisi oturdy. Kiçijik myhmanlary görüp, holar äzirki wagtda sahnada täze spektaklyň görkeziljekdigini we önümçilik üçin täsirli usullary ara alyp maslahatlaşýandyklaryny aýtdylar.
Teatryň kiçi zaly has ýakyn we öý şertlerinde çykyş etmek üçin niýetlenendir. Bu zallara baryp görenden soň, Atajanyň ýolbaşçylygyndaky çagalar topary teatr ussahanalarynyň, geýim otaglarynyň we mahabat otaglarynyň binanyň ikinji gatyna çykdylar. Teatr perdesiniň aňry tarapyndaky zatlary görmek, teatr sahnasynyň ähli syrlaryny öwrenmek ýakymly duýgulary döredýär. Hemmeler täze zatlary görmek üçin höwesjeň aýlandylar.
Gurjaklaryň saklanýan otagy çagalarda uly gyzyklanma döretdi. Dürli ululykdaky we görnüşdäki gurjaklar tutuş zalyň boýunda, diwarlarda we polda ýörite asgyçlarda ýerleşdirilipdir. Gurjaklar gaty köp bolup, olar bilen hatda ulularam güýmenmäge başladylar. Gurjaklar bilen gümra çagalary ýygnamak aňsat bolmady. Emma Atajan beýle ýagdaýdan çykalga tapdy. Ol batly ses bilen: "Indi hemmämiz gurjaklaryň ýasalýan ussahanasyny synlalyň!" Çagalar bu çagyryşyň täsirinden derrew ýygnandylar.
Gurjaklaryň ýasalýan ussahanasy aýratyn gurşawa eýedir. Bu ýerde hemme iş sazlaşykly alnyp barylýar. Çagalar otaga girenlerinde häzirki zaman “Karlonyň kakalary we ejeleri” ýuwaşlyk bilen gurallaryna degip, diwarda asylan nusgalara göz aýlamak üçin wagtal-wagtal başlaryny ýokary galdyrýardylar. Diwarlara berkidilen nusgalarda geljekdäki önümçilikdäki gahrymanlaryň şekilleri bar. Bu ýerdäki ussalar agaç böleklerinden, matalardan, kagyzlardan, boýaglardan gahrymanlaryň keşplerini emele getirýärler.
Teatryň ýaş myhmanlaryna gurjak ýasamagyň ähli tapgyrlary görkezildi. Çagalar gurjak öndürijileri, lybas dizaýnerleri we beýleki sungat işgärleri bilen duşuşmaga hem mümkinçilik aldylar.
Teatr ussahanasynyň işgärleri çagalara gurjak, nikap, geýim döretmegiň syrlary barada gürrüň berdiler we geljekki gurjaklaryň çyzylan nusgalaryny görkezdiler. Çagalar gurjaklar we artistler sazlaşykly işlän ýagdaýlaryndan biri-biriniň üstüni ýetirýändiklerini bildiler.
Şeýle hem çagalar teatr gurjaklarynyň dogry atlandyrylyşyny öwrendiler. Mysal üçin, diňe sapaklar bilen dolandyrylýan gurjaklary gurjak diýip atlandyryp bolar. Teatr gurjaklarynyň köp görnüşi bar. Mysal üçin, gamyş gurjaklary. Olaryň kellelerine, gollaryna we aýaklaryna taýaklar ýa-da gamyşlar dakylýar we şular ýaly gurjaklar adatça iki gurjak artisti tarapyndan dolandyrylýar. Ellik ýa-da barmak gurjaklary hem bar. Olara sahna perdesiniň üstündäki gurjaklar hem diýilýär. Bu gurjaklary artist sahna arkasyndan dolandyrýar. Kölegeli gurjaklar hem bar. Megerem, her birimiz çagalykda barmaklarymyzy we ellerimizi ulanyp, yşyklandyrylan diwarda itiň şekilini emele getirip gören bolsak gerek. Kölegeli teatr gurjak tomaşasynyň iň irki görnüşi hasaplanýar. Teatr çykyşlarynyň başga bir meşhur görnüşi hem uly boýly gurjak oýunlarydyr.
Teatra täsirli gezelenç wagtynda “MLF” mekdebiniň çagalary teatr işgärlerine gurjak ýasamaga-da gyzyklanma bildirýändiklerini, şunuň bilen baglylykda, hatda özleriniň gysga film düşürendiklerini hem aýtdylar.
Teatra bolan gezelenç sahna oýnuna tomaşa etmek bilen tamamlandy. Tolgundyryjy erteki çäresi çagalarda güýçli duýgulary oýardy. Çagalar gahrymanlara duýgudaşlyk etdiler, gowy gahrymanlary goldadylar we negatiw gahrymanlaryň adalatsyz hereketlerine gaharlandylar, el çarpdylar, gülüşdiler ...
Gurjak teatrynda wagt diýseň çalt geçdi. Şeýle-de bolsa, ulularam, çagalaram bu ýere gezelençden uly lezzet aldylar bu pursatdan ýadygärlik hökmünde surata düşdüler. Teatr artistleri ýaşajyk dostlaryny geljekde hem täze sahna oýunlary bilen begendirjekdiklerini aýtdylar we ýene gelip görmäge çagyrdylar.
Aýna ŞIROWA.