Iň täze habarlar

Goşa Japarowyň 100 ýyllygyna: "Men saz plastilini arkaly pikirlenýärin..."

03.01.2024 | 01:33 |
 Goşa Japarowyň 100 ýyllygyna: "Men saz plastilini arkaly pikirlenýärin..."

Teatr - bu wagtyň geçmegi bilen üýtgeýän, tomaşaçylaryň estetiki zerurlyklary we çeper taýýarlyk derejesi bilen ýakyndan baglanyşygy bolan hemişe hereket edýän hadysadyr. Çeper eseriň süňňüni balet çykyşyna kybap getirmek üçin režissýor saýlanan esasy meseläniň prizmasyndan birnäçe sýužet we psihologik taraplardan geçmeli bolýar. Adaty bolmadyk şeýle ajaýyp peşgeşe ilkinji professional balet tansçysy, horeograf we baletmeýster Goşa Japarow eýe boldy. Türkmenistanyň aýdym-saz jemgyýeti şu ýyl bu ussadyň 100 ýyllygyny bellär.

Goşa Japarowyň ömri we döredijilik dünýäsi köpöwüşgünlilige örän baýdyr. Türkmen teatr sungatynyň taryhynda ajaýyp yz galdyran sungat işgäri diňe bir balet çykyşlarynyň zehinli režissýory bolmak bilen çäklenmän, eýsem görnükli mugallym hökmünde hem meşhurlyk gazandy. Ruhy we görnüş taýdan döwrebap sahna eserlerini döretmek bilen, ol dünýä aýdym-saz medeniýetinde bar bolan žanrlary özünde jemlemegi başardy. Ussadyň üstünligi köp ýyllyk irginsiz zähmetiň netijesinde hasyl boldy.

Goşa Japarow 1924-nji ýylda Büzmeýin obasynda dünýä inýär. Ene-atasy oňa Goşa adyny dakmagynyň sebäbi onuň dogabitdi iki goşa barmagynyň bolmagydyr. Onuň kakasy Japar Täçnyýazow mirap, ejesi Artykjemal bolsa, öý hojalykçy bolup çagalaryny terbiýeleýärdi hem-de üzümçilige ideg etmäge kömek edýärdi.

Mekdep internatynda okap ýörkä, ýörite topar Goşany we onuň bilen deň-duş başga-da üç sany çagany Leningrad şäherindäki A.Ý.Waganow adyndaky döwlet akademiki balet orta mekdebiniň ýurt boýunça bölüminde okatmak üçin saýlap aldy. Soňlugy bilen, dürli sebäplere görä, bu ýerde okaýan çagalaryň köpüsi okuwdan çykarylýar. Türkmenistandan diňe Goşa Japarowa we Zeýtun Tuhwatulina kolleji tamamlamak we ýaş hünärmen hökmünde Aşgabat şäherine gaýdyp gelmek nesip edýär.

2(edited).jpg

Olar balet mekdebinde ozalky Sowet Soýuzynyň dürli Respublikalaryndan - Başgyrdystandan, Gazagystandan we Gyrgyzystandan bolan oglan-gyzlar bilen bilelikde okaýar. Goşa Japarowyň belleýşi ýaly: “Russiýaly deň-duşlarymyz bize mähirli, uly hormat we mähir bilen garadylar, hemme zatda, esasanam rus dilini öwrenmekde bize kömek etdiler. Biz Leningrad şäheriniň ýokary medeniýetini derrew duýduk. Deň-duşlarymyz bilen derrew dostlaşdyk".

Gündelik nazary we amaly sapaklar bilen doldurylan akademiki düzgün gaty berk ýöredilipdir. Ýöne okuwçylary ajaýyp mugallymlar, iň ýokary synpyň ussatlary gurşap alypdyr. Olar geljekki meşhur tansçylara we horeograflara ruhlarynyň bir bölegini miras goýupdyrlar. Olar ýaş tansçylarda taryhy, nusgawy we häsiýet tansynyň düýbüni tutdular, bedeniň dogry duruşyny, aýaklaryň we gollaryň ýerleşdirilişini we hereketiň utgaşdyrylmagyny üpjün etdiler. Goşa Japarow uly hormat bilen mugallymlaryny - Aleksandr Wiktorowiç Şirýaýewi, Aleksandr Iwanowiç Puşkini, Alekseý Afanasýewiç Pisarýowy ýatlaýan eken. Moskwanyň Uly Döwlet akademiki teatrynyň baş horeografy Ýuriý Grigorowiç bilen bolan duşuşyklar geljekki türkmen balet sungatynyň ussadynyň hünär taýdan ösmegi üçin möhüm ähmiýete eýe bolupdyr.

Gyşky dynç alyş günlerinde Goşa bitik goşa barmaklaryny aýyrtmak üçin elinde operasiýa etdirýär. Üstünlikli operasiýa Goşany ruhlandyrýar. Sebäbi indi ol fortepiano hem çalyp bilýärdi! Okuwdan boş wagtlarynda türkmen ýigidi küşt oýnuny özleşdirdi we hatda dünýä çempiony Mihail Botwinnik bilen oýnamaga-da mümkinçilik tapdy. Botwinnikiň aýaly balerina bolup, köplenç balet mekdebiniň sahnasynda çykyşlara taýýarlyk görýärdi. Şonuň üçin grossmeýster aýalyna garaşyp durka, köplenç ýaş küşt söýüjiler bilen oýun oýnaýan eken.

Şol bir wagtyň özünde Goşa Leningrad horeografiýa orta mekdebiniň geljekki çeper ýolbaşçysy, SSSR-iň halk artisti, Leningrad baletiniň geljekki çeper ýolbaşçysy Askold Makarow, gruziýaly horeograflar Wahtang Çabukiani we Zurab Kekoloşwili, Ermenistanyň tans ansamblynyň ýolbaşçysy Azat Gorobeýan we başga-da birnäçe ussatlar bilen okaýar.

Hakyky balet tansçysynyň işi yhlaslylygy, erjelligi we janaýamazlygy talap edýär. Türkmen ýigidi baletiň özüni ykrar etdirmek üçin hünär ugrudygyna berk ynanyp, hyjuw we erjellik bilen balet sungatynyň esaslaryny özleşdirdi, her ýyl ýerine ýetiriş ukybyny ozalkydan has artdyrdy. Rus dilini bilmeýän sada oglanlykdan kem-kemden sazlaşykly ösen, fiziki taýdan tejribeli artist, horeograf we baletmeýster ösüp ýetişýär.

3(edited).jpg

Onuň gutardyş çykyşy hem Lermontowyň adybir eseriniň esasynda Leningradyň S.M.Kirow adyndaky akademiki opera we balet teatrynda sahnalaşdyrylan “Biziň zamanamyzyň gahrymany” atly baleti boldy. Onda baş gahrymanyň roluny - Kazbiçiň keşbini Goşa Japarow janlandyrýar. Bugdaýreňk, sowukganly we zerur ýerinde sabryny saklap bilýän Goşa bu keşbe beýlekilerden has laýykdy. “Leningradskaýa Prawda” we “Weçernyý Leningrad” gazetleriniň ýazyşy ýaly sahnada Goşa ajaýyp keşbi janlandyrdy. “Smena” žurnalynyň synçysy Goşa Japarowy hünär kämilligine çykyp bilen “Çölden gelen oglan” diýip atlandyrdy.

Leningrad balet mekdebini tamamlanyndan soň, Goşa Japarow diplomyny aldy we ýüreginde biraz gynanç duýgusy bilen ony hünär kämilligine göteren "Ak gijeleriň" şäherini terk etdi.

1941-nji ýylda ol Tuhwatulina bilen bilelikde Türkmen döwlet sazçylyk teatrynda işe başlady. Şondan biraz wagtdan soň, bu teatryň binýadynda Türkmen döwlet opera we balet teatry döredildi. Onuň horeografiki toparyna Türkmen drama teatrynyň studiýasynyň uçurymlary hem goşuldy.

Teatr özüniň ilkinji möwsümini A.Şapoşnikowyň “Zohre we Tahyr” operasy bilen açdy (B.Amanowyň librettosynyň esasynda, A. Garlyýewiň we T.Şaraşidzeniň režissýorlyk etmeginde). Japarowyň döredijilik işiniň başlangyjy durmuşyň ähli ugurlaryna täsir eden Beýik Watançylyk urşunyň başlanmagyna gabat geldi. Türkmen sazandalary, aýdymçylary we balet tansçylary ilkinjiler bolup, konsert toparlaryny döretdiler hem-de konsert çykyşlary bilen harby bölümlere we harby hassahanalara gitdiler. Şeýle medeni toparlaryň düzümine Goşa Japarow bilen bilelikde Türkmenistanyň halk we abraýly sungat işgärleri M.Farajýewa, Hojaw Annaýew, Rahmet Seýidow, Nabat Nurmuhammedowa, Merýem Şafigulina we beýlekiler girdiler.

Uruş gutarandan soň Goşa Japarow okuwyny dowam etdirmek kararyna gelýär we Moskwanyň Lunaçarskiý adyndaky döwlet teatr institutynyň baletmeýsterçilik bölümine girýär. Ol özüne mahsus tutanýerliligi we erjelligi bilen daşary ýurt teatrynyň we balet sungatynyň taryhy barada bilimlere eýe bolýar. Boş wagtlary teatrlara, sergilere we konsertlere baryp, Moskwa we Leningrad şäherleriniň koreograf toparlarynyň balet çykyşlaryny deňeşdirip, ussatlyk derejesinde içgin öwrenýär. Hünär taýdan kämil horegraf we baletmeýster hökmünde kemala gelensoň, tejribesini hem-de ussatlygyny baýlaşdyryp, olara özüniň bahasyny berýär.

1951-nji ýylda okuwy tamamlanyndan soň, Goşa Japarow Aşgabat şäherine gaýdyp gelýär we Türkmen döwlet akademiki opera we balet teatrynyň baş horeografy we baletmeýsteri wezipesinde işe girişýär. Döredijilik meýilnamalaryndan we mümkinçiliklerinden doly teatr çärelerine işjeň gatnaşýar. Hut, geçen asyryň 50-70-nji ýyllary türkmen balet sungatynyň Türkmenistanda pajarlap ösýän döwrüne öwrülýär.

1953-nji ýylda teatryň çeperçilik geňeşi Japarowa Çaýkowskiniň “Guw köli” baletiniň sahnasyny döretmegi tabşyrdy. Nazary we amaly taýdan ýaş hünärmeniň bu uly we çylşyrymly işe doly taýyn bolandygyna garamazdan, jogapkärçiligiň doly ýüküni duýup alada galýar. Galyberse-de, 1877-nji ýylda Moskwada “Guw köli” eseriniň taryhy premýerasynyň baletmeýster Rezinger sebäpli şowsuz tamamlanandygy mälimdir. Diňe 1895-nji ýylda Sankt-Peterburgyň horeografy Lew Iwanow tarapyndan sahnalaşdyrylan Çaýkowskiniň eseri hakyky meşhurlyga eýe bolup, dünýäniň teatr afişalarynda özüne mynasyp orny eýeledi. Bu eseriň tans eserleri şu güne çenli horeografiki sungatyň muşdaklaryny özüne çekip gelýär.

Şol döwür Goşa Japarow özüniň hem-de horeografiki mekdepleri tamamlan Lidiýa Kondýukowanyň, Boris Zdanewiçiň, Irina Odinsowanyň, Galina Korablýowanyň we beýlekileri öz içine alýan ýaş teatr toparynyň mümkinçiliklerine ynanýardy.

"Guw kölüniň" Aşgabatdaky sahnasynda türkmen baltmeýsteri Leningradda we Moskwada okan ýyllarynda toplan iň gowy tejribelerini peýdalandy. Balet - bu gynanjy we şatlygy, söýgini we ejiri, hereket dartgynlylygyny we asudalygy bir ýere jemleýän özboluşly dünýädir. Umuman, Goşa Japarow ýüz keşpleri we pantomimi, hereketleri we pozalary, häsiýetleri we tanslary, halk bezeglerini, binagärlik äheňlerini - bularyň ählisini türkmen baletiniň palitrasyna girizdi. Täze zehinleri ýüze çykaryp, her bir keşbiň ýerine ýetirilmegindäki arassalygy we aktýoryň aňladyjylyk ukybyny gazandy.

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet opera we balet teatrynyň sahnasynda “Guw köli” premýerasy uly üstünlik gazandy. Onda SSSR-iň halk artisti H.Allanurow dirižýorlyk etdi.

4(edited).jpg

Köpçülik, ýaşlar, balet muşdaklary - hemmeler ýerine ýetirijileriň ussatlygy we önümçiligiň çeperçilik derejesi bilen içgin gyzyklandy. Sahnanayň ahyrynda ajaýyp köl guşlarynyň ýerine ýetiren sazlaşykly tansy tomaşaçylaryň aýratyn ünsüni çekdi. Mazurka, çardaş we neapolitan tansynda gaýtalanýan tansyň tamamlanmagyna mähetdel, tomaşaçylar el çarpmaga başladylar. Hemme zat täzeligi, ýaşlygy we kuwwaty bilen tomaşaçylaryň ählisini haýrana goýdy.

5 алдар косе.jpg

Japarowyň özi köplenç tansçy hökmünde çykyş edip, “Zohre we Tahyr” operasynda, “Bakjasaraý çüwdürimi”, “Deňiz kenaryndaky jenan”, “Aldar Kose” we başga-da birnäçe baletlerde ýekelikde tans edipdir.

Premýer sahnalaryna metbugat tarapyndan berlen ýokary baha Goşa Japarowy täze döredijilik gözleglerine ruhlandyrypdyr. "Guw köli" sahna eserinden soň, ol K.Korçmarýowyň sazyna we G. Burunowyň librettosyna "Aldar Köse" gülküli baletini sahnalaşdyryp başlady. “Aldar Kose” baleti ilkinji gezek 1942-nji ýylda baletmeýster N. Holfin tarapyndan sahnalaşdyryldy.

6.jpg

Goşa Japarow halk tanslaryna täzeçil çemeleşdi. Ol muny esasy ýörelge, “baletiň möhüm şireleri” diýip atlandyrdy. Ýewropanyň horeografiki sungatynyň däp-dessurlaryny dowam etdirip, Japarow eserlerinde täzelik goşýan halk sazlaryna we milli tanslaryna möhüm orun berdi. 1955-nji ýylda “Aldar Kose” baleti Leningrad we Saratow opera we balet teatrlarynda uly üstünlikli sahnalaşdyryldy.

Onuň goýýan sahna eserleriniň sany barha artýar. Goşa Japarow diplom işini “Gyzyl gülälek” atly baletini dowam etdirýär. Ol R.Gliereň sazyna “Žizel” we A.Adanyň sazyna bolsa “Deňiz galtamany” baletlerini sahnalaşdyrdy. 60-njy ýyllarda N.Mukatowyň we M.Rawiçiň (G. Muhtarowyň librettosy) sazyna türkmen ertekilerine esaslanýan “Jadygöý tebip” žanr baleti peýda boldy. Indiki premýeralar H Allanurowyň we I. Ýakuşenkonyň (M. Seýtliniň librettosy) sazyna “Talyplar” baleti, şeýle hem A. Agajykowyň “Çölüň owazy” simfoniki toplumynyň horeografiki çözgüdiniň synanyşygy (librettosy, horeografiýasy we sahnasy G.Japarowa degişli) bilen dowam edýär.

7(edited).jpg

Japarow öz librettosyna esaslanyp, “Bagt” (kompozitor G. Kuliýew), “Ýagşy jadygöý” (D.Nuryýew), “Gumdan tapylan ýürek” (A. Kuliýew) baletlerini sahnalaşdyrýar. Baletlerde baş rollary B.Mämmedowa, M.Ahundow, H Ysmaýylow, H.Myradow hem-de W. Sopkin, B.Garahanow, Ahmet we Ýusup Pürsýanowlar, D.Geldiýew, S.Kerimowa we başgalar ýerine ýetirdiler.

Uly edebiýatyň nusgalaryny horeografiýa diline terjime eden türkmen baletmeýsteriniň tejribesi oňa öz balet temasyny teatr polifoniýasyndan tapawutlandyrmaga mümkinçilik berdi. Goşa Japarowyň eserinde pikiriň ösüşindäki düşünje we gapma-garşylyk biri-biri bilen aýrylmaz çykyş edýär. Günbatar aýdym-saz däpleriniň şägirdi we mirasdüşeri, Gündogary ekzotik ýa-da bezeg elementi hökmünde kabul etmän, filosofiki we psihologiki taýdan döredijilikli sintezläp çemeleşdi.

Suratkeşiň boýaglary garyşdyryşy ýaly, baletmeýster hem hereketleriň özara birleşigini döredýär. Goşa Japarow milli tanslary halkyň häsiýetiniň beýany, teatr sungatynyň dürlüligini gözlemegiň nusgasy hökmünde gördi. Şol bir wagtyň özünde, halkdan tans sungatyny öwrenmek halk döredijiligini göçürmegi aňlatmaýar. Halk dilini oýlanyşykly kabul etmek arkaly asyl çeşmeleriň ruhunda balet tanslaryny döretmek zerurdyr. Şonuň üçin-de onuň döreden her bir sahnasy, halkyň taryhy, etnografiýasy we medeniýeti bilen utgaşyklykda özüne çekiji görnüşe eýe boldy.

Goşa Japarowyň Türkmen opera we balet teatrynyň sahnasynda sahnalaşdyran eserleri tomaşaçylara dürli drama we horeografiki žanrlary tanyşdyrdy. Käbir baletler nusgawy hereketleri talap etse, käbirlerinde başgaça çemeleşmeleri ulanmak zerur bolýardy. Erteki we rowaýat sýužetlerine esaslanýan birnäçe eserde tans görnüşi öňünden kesgitlenipdi. Aýry-aýry şekiller ulgamy bilen üpjün edilen her bir görnüş, tansda žanr, stil we döwri öz içine alýardy.

Tanslar - bu balet sahnasynda şekillendirilen adamyň durmuşynyň düýp manysy, pikirleniş, aragatnaşyk usuly, “gürlemek” üçin ýeke-täk mümkinçiligi bolup durýar. Spektakldaky tansy san, epizod ýa-da gündelik güýmenjäniň görkezmesi hökmünde kabul edip bilmersiňiz. Tans durmuş hadysalaryny jemlemegiň serişdesidir. Duruş we hereketler gahrymanyň aň ýagdaýyny görkezmeli we many aňladyjyly bolmaly. Köp döwürdeşleri tarapyndan hödürlenen sýurreal, manysyz tans Goşa Japarow üçin kabul ederliksizdi. Onuň pikirine görä, şeýle tanslar manysyz beden hereketleridi.

Goşa Japarow sungat bilen baglanyşykly beýleki ugurlarda - opera we kino pudagynda-da işjeň zähmet çekdi. Ol “Şasenem we Garyp” (kompozitorlar D.Öwezow, A.Şapoşnikow), “Zohre we Tahyr” (W. Muhadow, A. Şapoşnikow), “Aýna” (D.Öwezow, A.Şapoşnikow) operalarynda hem-de “Aladaly gije” (A.Agajykow), “Magtymguly” (Ý. Meýtus), “Dunaýyň aňyrsyndaky zaporožiýeli” (S. Gulak-Artýomowskiý), “Suw perisi” (A.Dargomyžskiý), “Arwah” (A.Rubinşteýn) , "Karmen" (Ž.Bize), şeýle hem "Çopan ogly", "Ilkinji synag", "Garry Aşyryň mekirligi", "Şasenem we Garyp", "Gara kerwen" filmlerinde tanslary goýdy.

1957-nji ýylda Goşa Japarow Lužniki stadionynda “Gülle, biziň ýaşlygymyz” atly tans toplumyny sahnalaşdyrmak üçin Moskwa çagyryldy. Türkmen horeografynyň pikiri 300 adamlyk çeperçilik toparynyň gatnaşmagynda ajaýyp durmuşa geçirildi.

8.jpg

Ýene-de bir uly göwrümli çeperçilik çykyşy 1980-nji ýylda Moskwada geçirilen Olimpiýa oýunlarynyň açylyş dabarasynda guraldy. Şonda Goşa Japarowyň “Ýaňlan, meniň dutarym” tans toplumyna 500 adam gatnaşdy.

1986-njy ýylda Lužniki stadionynda "Hoşniýetli erk-islegleriň oýunlarynyň" açylyş dabarasynda sahnalaşdyrylan “Halklaryň dostlugy” tans kompozisiýasy ýatdan çykmajak waka hökmünde köpleriň hakydasynda galdy. Tomaşaçylar balet sungatynyň ussatlarynyň deňeşdirip bolmajak ýerine ýetirişine, täsirliligine we çeperçilik kuwwatyna, horeografiki diliň baýlygyna, sahna dizaýnynyň ajaýyplygyna we çylşyrymlylygyna haýran galdylar.

9(edited).jpg

Goşa Japarow tansa bolan söýgüsini özüniň şägirtlerine hem geçirdi. Olaryň arasynda görnükli türkmen balet tansçylary G.Musaýewa, K.Niýazow, A.Pürsiýanow, B. Mämmedowa, T. Satlyklyjowa, L.Kondýukowa, H.Myradow, A.Orazow, O Niýazow, R.Samgina we başgalar bar.

10(edited).jpg

Türkmenistanyň at gazanan artisti, balerina tansçysy Gözel Hümmäýewa: “Goşa Japarow ajaýyp guramaçylyk häsiýetleri bilen tapawutlanýan hakyky ýolbaşçydy. Ol Aşgabatda zehinli çagalar üçin çagalar öýüni döretdi, köp sanly zehinli balet tansçylaryny kemala getirdi. Ahalda we Maryda çagalaryň horeografiki studiýalaryny gurap, Türkmenistanyň ähli sebitlerinde halk tans toparlaryny döretdi we şeýle möhüm işleri durmuşa geçirmek bilen hünärmen işgärleri taýýarlamaga uly goşant goşdy" diýip belleýär.

Goşa Japarowyň gyzy, Maýa Kuliýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň umumy fortepiano kafedrasynyň müdiri Abadan Goşaýna Annadurdyýewa: “Kakam durmuşy teatrsyz göz öňüne getirip bilmeýärdi, diňe döredijilik bilen ýaşardy. Ol pensiýa çykanda-da, öýünde oturyp bilmeýärdi we her gün teatra işlemäge giderdi" diýip ýatlaýar.

11(edited).jpg

Öz döwründe A.S.Puşkin "Men poeziýa arkaly pikirlenýärin" diýipdir. Goşa Japarow hem sahna hereketleriniň we tanslarynyň üsti bilen “pikir etdi”. Ol tebigaty boýunça hakyky horeografdy we durmuş wakalaryny balet şekillerine we plastilina "terjime etdi".

Aýdym-saz medeniýetine goşan ägirt uly goşandy üçin baletmeýster Türkmenistanyň at gazanan sungat işgäri (1955-nji ýylda) we Türkmenistanyň halk artisti (1995-nji ýylda) ýaly köp sanly döwlet sylaglaryna we atlaryna eýe boldy. Ýöne esasy sylag onuň sungatda bitiren uly işleriniň halk tarapyndan henize bu güne çenli ýatlanylmagydyr.

12.jpg

Jemile GURBANOWA, saz sungatyny öwreniji alym.

Foto: arhiwden

Şeýle hem okaň: