“Parahatçylygyň ýaňy”: Yslamabatda Magtymgula bagyşlanan maslahat geçirildi
29.11.2023 | 20:57 |Türkmenistanyň Pakistandaky ilçihanasy Yslamabat Parahatçylygy öwreniş we diplomatiýa instituty bilen bilelikde Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna bagyşlanan “Magtymguly Pyragy we häzirki zamanda halklaryň dostlugy” atly ylmy-amaly maslahat geçirdi.
Maslahatda çykyş eden Pakistanyň Milli miras we medeniýet boýunça federal ministri Seýed Jamal Şah Magtymgulynyň baý mirasyna ýokary baha berdi we ony diňe bir Türkmenistanyň halky üçin däl, eýsem tutuş sebit üçin parahatçylygyň we agzybirligiň güýçli ýaňy diýip atlandyrdy. Pragynyň poeziýasy we pikirleri özara integrasiýada möhüm rol oýnap biler diýip, ministr poeziýanyň we aýdym-sazyň adamlaryň arasyndaky aragatnaşyk serişdesidigini we täze ynam we dialog döwrüni döredip biljekdigini belledi.
Türkmenistanyň ilçisi Atajan Möwlamow Magtymgulynyň edebi mirasyny öwrenmegiň halkara medeni gatnaşyklaryň ösmegi üçin möhüm ähmiýete eýe boljakdygyny aýtdy. Şeýle hem ol, Türkmenistanyň halk şahyry Pyragy bilen Pakistanyň halk şahyry Allam Ikbalyň arasynda köp meňzeşligiň bardygyny belläp, agzybirlik, söýgi we çydamlylyk hakdaky çagyryşlarynyň global we ähliumumydygyny nygtady. Bu barada “The Express Tribune” habar berýär.
ORIENT news