Iň täze habarlar

Hytaý “Starlinke” meňzeş aragatnaşyk ulgamyny döretmäge girişdi

27.11.2023 | 13:03 |
 Hytaý “Starlinke” meňzeş aragatnaşyk ulgamyny döretmäge girişdi

Hytaý “SpaceX” amerikan kompaiýasynyň “Starlink” ulgamyna meňzeş hemra internet ulgamyny döretmäge girişdi.

23-nji noýabrda “Çançžen-2D” raketa göterijisi Hytaýyň günorta-günbataryndaky Siçan hemra uçuryş merkezinden uçuryldy. Raketa göterijisine synag ýüki hökmünde bir sany internet hemrasy uçuryldy.

Hytaýyň “Gowan” (Guowang) atly ählumumy hemra internet taslamasynyň durmuşa geçirýär. Ol Ýeriň pes orbitasynda 13 müň aragatnaşyk hemrasynyň ýerleşdirilmegini üpjün edýär. Deňeşdirmek üçin “SpaceX” kompaniýasy “Starlink” torunyň 5 müňe golaý emeli hemrasyny uçurdy we sany 40 müňe çenli artdyrmaga rugsat sorady.

Hytaýyň bu hemra aragatnaşyk tory diňe bir ýurda däl, eýsem bütin dünýäni ýokary hilli aragatnaşyk hyzmatlary, şol sanda 5G ulgamy bilen üpjün eder.

Taslama aerokosmos konglomeraty bolan “Kasich” tarapyndan işlenip başlandy. Ol 2017-nji ýylyň awgust aýynda aýratyn enjamlaryň geçirijiligi sekuntda 10 gigabite çenli ýetirmäge mümkinçilik berjek 156 hemra toparyny döretmek meýilnamasyny yglan etdi. Emma soňra bu taslama geljekki emeli hemra internet hyzmatlarynyň täze operatory “China Satellite Network Group” kompaniýasyna geçirildi.

“Gowan” taslamasy üçin emeli hemralary öndürmek işi bilen Hytaýyň kosmos tehnologiýalary akademiýasy (CAST) we Mikrohemralaryň innowasiýa akademiýasy (IAMCAS) tarapyndan amala aşyrylýar.

ORIENT news

Foto: 3dnews.ru

Şeýle hem okaň: