Owganystanda ýene-de ýer titremesi bolup geçdi
11.10.2023 | 17:53 |Owganystanyň günbatarynda täze ýertitremesi bolup geçdi. Bu barada Ýewropa-Ortaýer deňiz seýsmologiýa merkezi mälim edýär.
Güýjenmesi 5,0 bala deň bolan ýertitreme ýerli wagt bilen sagat 00:52-de Owganystanyň Gerat şäherinden 28 kilometr demirgazyk-günbatarda hasaba alyndy. Ýertitreme sebäpli ejir çekenler barada häzirlikçe maglumat ýok.
Ozal habar berşimiz ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti 7-nji oktýabrda Owganystanyň Gerat sebitinde bolup geçen ýertitremesi sebäpli ejir çekenlere ynsanperwer ýük ugratmak hakynda Buýruga gol çekdi.