Çikagonyň merkezindäki türkmen döredijiligi bilen rus restorany
07.09.2023 | 21:59 |Amerikanyň Çikago şäheriniň merkezinde eýýam 30 ýyldan bäri işleýän “Russian Tea Time” restoranyna esasan ABŞ-da ýaşaýan öňki Sowet Soýuzynyň immigrantlary naharlanmaga gelýärler. Bu amatly gastronomiki giňişligi iki sany türkmen zenanlary - uýalar Eneş bilen Altyn dolandyrýarl. CSB Chicago öz sahypalarynda şeýle belleýär: Olar bu ýeri raýatlar üçin iň halanylýan ýerleriň birine öwürdiler, bu ýerde türkmen milli aşhanasynyň şeýle-de Merkezi Aziýanyň beýleki ýurtlarynyň, öňki Sowet respublikalarynyň hem-de dünýäniň beýleki ýurtlarynyň tagamly naharlaryny dadyp bilersiňiz.
Restoranyň tagam sahypasy örän giňdir, ýöne onuň meşhurlygynyň esasy syry, eneleriň reseptlerine görä nahar bişirmekdir, hut şu çagalygyň özboluşly tagamy üçin hem bu ýere gelýänleriň yzy züzlenok.“Üzüm” iýmitlerni satmak bilen türkmen zenanlarynyň naharhanada eden döredijilikli hereketi gaty üstünlikli boldy.
-Biziň halkara aşhanamyz bar, myhmanlarymyz reseptleri paýlaşýarlar. Menýudaky tagamlary synap görýärler we “Aý, meniň garry enem muny taýýarlaýardy” diýýärler we eneleriniň ýakymly tagamlary bilen öz saýlawyny hödürleýärler. Ine, “üzüm” menýusy hem şeýle peýda boldy, diýip Eneş gürrüň berýär.
Uýalar tarapyndan edilen gastronomiki düzedişler salona gelýänleri gaty begendirdi. Bir ýeriň özünde siz dünýäniň dürli halklarynyň tagamlaryny dadyp bilersiňiz, has dogrusy, türkmenleriň, moldawanlaryň, ukrainlaryň, rumynlaryň we beýleki eneleriň ajaýyp tagamly naharlaryndan lezzet alyp bilersiňiz.
“Eger menýuny açsaňyz, onda ukrain borşy, gruzin çakyrlary, polýak tagamlary we başgalar bar. Biz dünýäniň iň ýakymly tagamlaryny hödürleýäris. Myhmanlaryň ýüzlerinden biziň naharlarymyzy halaýandyklaryny görüp bilersiňiz. Olar tagamlarymyzdan lezzet alýarlar "- diýip Altyn belleýär.
Bir wagtlar Eneşa bilen Altynyň özleri hem köplenç nahar iýmäge gelýän Russian Tea Time-yň müşderisi bolupdyrlar. Bir gün bolsa, olar naharhananyň satyljakdygyny bilip, restorany satyn almak we taslamany täzeçe başlamak kararyna gelýärler. Bir ýylyň içinde Türkmenistandan gelen uýalaryň naharhanasy Çikagodaky adamlaryň eneleriniň tagamlaryny dadyp görmekleri üçin amatly we tagamly ýerleriň birine öwrüldi.
ORIENT news