Döwlet ähmiýetli Arkadag şäheriniň açylyşy mynasybetli çäreleri beýan etmek üçin Türkmenistana akkreditasiýa boýunça Azerbaýjandan, Ermenistandan, Belgiýadan, Wengriýadan, Gruziýadan, Hindistandan, Eýrandan, Hytaýdan, Gyrgyzystandan, Russiýadan, Rumyniýadan, Täjigistandan, Türkiýeden, Özbegistandan, Fransiýadan we Ýaponiýadan 29 sany halkara maglumat agentlikleriniň, teleýaýlym we internet portalynyň wekilleri geldiler. Olaryň arasynda – «Россия-24», «Большая Азия», «CCTV», «TRT World», «TV Jahonnomo», «NHK», «Doordarshan», «Общественное телевидение Армении», «Uzbekistan-24», «Magyar Televizio», «KTRK» teleýaýlymlary, «France-Presse», «Xinhua», «IRNA», «Тренд», «Agerpress», «News Day Georgia», «Татар-информ» maglumat agentlikleri we beýlekiler bar. Şeýle hem olaryň arasynda «SNG.Today» neşiriniň žurnalistleri we и «МИР» Döwletara teleýaýlym we radio kompaniýasynyň iş topary bar.
Arkadag şäheriniň açylyş dabarasy bilen baglanyşykly ähli çäreler türkmen we daşary ýurt habar beriş serişdeleri tarapyndan onlaýn ýaýlyma berildi we öňdebaryjy maglumat platformalarynda ýerleşdirildi. Häzirki wagta çenli täze şäheriň açylmagyna bagyşlanan iki ýüzden gowrak habar we wideo dünýä metbugatynda çap edildi.
Žurnalistler geljegiň şäheri Arkadagyň sanly, maglumat we aragatnaşyk we «ýaşyl» tehnologiýalaryň birleşdirilen «akylly şäheriň» aýdyň mysalydygyny bellediler. Bu ýerde milli binagärligiň iň gowy däpleri we binagärlik we dizaýn boýunça häzirki zaman ugurlary sazlaşykly utgaşýar. Şäherde, ekologiýa we daşky gurşawy goramak ýaly halkara ülňülerine laýyk gelýän giňişleýin infrastruktura döredildi.
Bu mega-taslamanyň ähmiýetine Arkadag şäherine gowşurylan durnukly ösüş, daşky gurşawa arassaçylyk we innowasiýa çözgütleri babatynda 20-den gowrak halkara şahadatnamasy we baýraklary bilen şaýatlyk edýär. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat beýanatynda aýdylýar.
ORIENT news
