Türkmenistanda Çagalaryň hukuklaryny durmuşa geçirmek boýunça täze Hereketleriň Milli Meýilnamasy tassyklanyldy
22.06.2023 | 23:00 |Prezident Serdar Berdimuhamedowyň Karary bilen Türkmenistanda çagalaryň hukuklaryny durmuşa geçirmek boýunça 2023-2028-nji ýyllar üçin Hereketleriň Milli Meýilnamasy tassyklanyldy. Täze meýilnama 2022-2028-nji ýyllar üçin ýurduň durmuş-ykdysady ösüş maksatnamasynda göz öňünde tutulan milli ugurlar, şeýle hem ozalky Milli Hereket meýilnamasyna baha bermekde ýüze çykýan esasy teklipler we öňdebaryjy tejribe esasynda taýýarlanyldy.
2022-nji ýylda ÝUNISEF Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty bilen bilelikde Çaganyň hukuklary boýunça hereketleriň täze Milli meýilnamasyny taýýarlamakda ýurdumyz boýunça köp sanly hyzmatdaşlary we guramalar bilen birnäçe gezek geňeşmeleri we maslahatlary geçirdi. Bu bilelikde alnyp barlan toplumlaýyn işiň netijesinde täze meýilnama işlenip düzüldi we durmuşa geçirilmegi üçin döwlet baştutany tarapyndan tassyklanyldy.
Täze meýilnama çagalaryň saglyga, iýmite, arassa suwa, bilime, howpsuz daşky gurşawa, zorlukdan goraglylyga, çagalaryň öz durmuşyna, abadançylygyna we ösüşine täsir edýän kararlary kabul etmeklige gatnaşmaga bolan hukuklary ýaly ileri tutulýan möhüm ugurlary öz içine alýar.
Çagalaryň hukuklary boýunça ikinji Milli meýilnamany işläp düzmek we durmuşa geçirmek arkaly Türkmenistan çagalaryň hukuklaryny goramak we çagalaryň bähbidine gazanylan netijeleriň durnuklylygyny we mundan beýläk-de giňeldilmegini üpjün etmek boýunça borçnamalaryny ýerine ýetirjekdigini tassyklaýar.
"ÝUNISEF bu möhüm işe goşant goşmaga döredilen mümkinçiligi kanagatlanma bilen belleýär we Türkmenistanda her bir çaganyň öz hukuklaryndan peýdalanmagy üçin bu Meýilnamany durmuşa geçirmekde Türkmenistanyň hökümetine we beýleki hyzmatdaşlara goldaw bermäge taýýar" – diýlip, metbugat beýanatynda aýdylýar.
ORIENT news