Hindistanyň Türkmenistandaky ilçihanasy ähli isleg bildirýänleri 21-nji iýunda bellenip geçilýän Halkara ýoga gününi baýram etmäge goşulmaga çagyrýar.
Aşgabadyň «Bagtyýarlyk» sport toplumyndaky ýoga boýunça sapaklary ýokary hünärli hünärmen Mariýa Baryşnikowa geçirer. Ol irden sagat 06:30-da başlanýar.
Çäräni guraýjylar dress-kody berjaý etmegi — aşagyňa gara reňkli, ýokaryňa ak reňkli eşik geýmelidigi barada habardar edýärler. Özüň bilen hökman ýoga üçin halyçany getirmeli.
BMG-niň Baş Assambleýasy 2014-nji ýylda 21-nji iýuny Halkara ýoga güni diýip yglan etdi. Halkara ýoga gününi esaslandyrýan rezolýusiýanyň taslamasy Hindistan tarapyndan teklip edilipdi we 175 wekiliýetiň agzalary tarapyndan goldanypdy.
Bu sene tötänden saýlanmady. Bu gün iň uzyn gün bolup, günüň tomusky deňleşýän wagty hasaplanýar.
Ýoga — bu diňe bir içki bedeniň deňagramlylygy ýa-da akyl bilen bedeniň arasyndaky deňagramlylyk bolman, eýsem adamyň dünýä bilen gatnaşygyndaky deňagramlylykdyr. Ol ünslülik, kanagatlylyk, tertip-düzgün we tutanýerlilik ýaly gymmatlyklary getirýär.
Ýoga bilen meşgullanmak hem beden, hem ruhy saglygyň pugtalanmagyna ýardam edýär.
ORIENT habarlar
