«Яндекс» mobil klawiatura tekstiň ýygnalmagyny 30% tizleşdirýän neýroseti ornaşdyrdy
02.06.2023 | 16:42 |Android we iOS üçin «Яндекс Клавиатура» goşundysyna «neýroswaýpy» goşdular – ol emeli intellekti ulanmak arkaly teksti üznüksiz girizmek usulydyr. Ol ýalňyşlaryň sanyny azaltmalydyr we tekstiň girizilmegini 30% tizleşdirmelidir, ýöne entek neýroswaýp diňe rus klawiaturasy üçin elýeterlidir.
Swaýp (swipe diýen iňlis sözünden – aýrylmazdan geçirmek, typmak we type- teksti çap etmek), bu teksti girizmek usulydyr, bu ony smartfonyň ekranynda ýa-da planşetde barmagyňy aýyrman etmäge mümkinçilik berýär. Swaýp-klawiatura has çalt we rahat hasaplanýar, ýöne ony ulanmakda ýygy-ýygydan ýalňyşlar döräp bilýär. «Яндексе»-de EI ulanmak arkaly bu meseläni çözmek islediler.
Swaýp nähili işleýär?
Haçanda ulanyjy klawiaturada belli bir egri çyzygy çyzanda programmistler tarapyndan öňünden ýazylan algoritmler işleýärler. «Яндексе»-de neýrosete adamlar tarapyndan girizilýän egri çyzgylary (görkezijini) tanamagy öwretdiler, munuň üçin hakyky swaýplaryň 7 million mysalyny berdiler.
Şol mysallaryň esasynda neýroset ozal ýygnalan tekst baradaky maglumatyň hasabyna anyklygy artdyryp, girizilme bolup geçýän goşundynyň tematikasyndan gelip çykyp, şeýle hem dogry söz goşulmalarynyň we düşümleriň saýlanyp alynmagynyň kömegi bilen mümkin bolan swaýplaryň täze wariantyny döredýär.
ORIENT habarlar