Özbegistanyň täze konstitusiýasy boýunça referendum 30-njy aprelde geçiriler
10.03.2023 | 19:13 |Anna güni geçirilen mejlisde Özbegistanyň parlamentiniň kanun çykaryjy (aşaky) palatasynyň deputatlary respublikanyň täze konstitusiýasy boýunça 30-njy aprelde referendum geçirmek barada karar kabul etdiler – diýip, RIA-nyň habarçysy ýazýar.
Göni ýaýlymda bolan mejlisde aşaky palatanyň spikeri Nuriddin Ismoilow deputatlary 30-njy aprelde referendum geçirmek baradaky karara ses bermäge çagyrdy.
Ondan soň, kanun çykaryjy palatanyň gatnaşan 137 deputatyň 134-si 30-njy aprelde «Özbegistan Respublikasynyň konstitusiýasy barada» kanunyň taslamasy boýunça referendum geçirmek kararyna ses berdiler. Karar tassyklamak üçin Senata iberildi.
Häzirki konstitusiýa 27 täze madda girizmek meýilleşdirilýär. Maddanyň umumy sany 128-den 155-e çenli köpelýär, ýagny respublikanyň esasy kanuny 65 göterim täzelendi.
ORIENT news