
Minsk halkara sergiler merkezinde Belarus Agrosenagat Hepdeligi öz işine başlady. 6-njy iýuna çenli dowam etjek bu giň gerimli çäre «Belagro», «Belferma», «Belprodukt», «Azyk senagaty» we «Prodmash. Holod. Upak» atly halkara ýöriteleşdirilen sergileri birleşdirýär. Şu ýyl sergide 12 ýurtdan takmynan 600 kompaniýa öz gazananlaryny görkezýär, şeýle hem iri halkara çäre 40-dan gowrak daşary ýurt wekiliýetini kabul eder diýip, BELTA agentligi habar berýär.
Bu çäre däp bolşy ýaly häzirki zaman oba hojalygynyň we azyk senagatynyň ähli tapgyrlaryny öz içine alýar. Myhmanlar we hünärmenler ösümlikçilik, bioenergetika, iň täze oba hojalyk tehnikalary, alymlaryň soňky işläp taýýarlamalary hem-de balykçylyk hojalygy üçin niýetlenen enjamlary bilen tanyşyp bilerler.
«Belferma» sergisi maldarçylyk pudagy üçin döwrebap çözgütleri hödürleýär. Olar iýmler, weterinariýa serişdeleri, sürüleri dolandyrmagyň awtomatlaşdyrylan ulgamlary hem-de süýt önümçilik fermalary üçin iň täze enjamlar bilen baglanyşyklydyr. Öz gezeginde, «Belprodukt» sergisine 116 sany öňdebaryjy kärhana gatnaşyp, et ýarym taýýar önümlerini, guş etini, süýt önümlerini, azyk harytlaryny, çagalar we berhiz iýmitleri öz içine alýan giň görnüşli önümleri görkezýär. Açyk meýdançalarda myhmanlar üçin meşhur «Balykçy obasy» we täze gök önümleri öndürijileriň sergileri guraldy.
Forumyň işewürlik maksatnamasy seminarlar, möhüm B2B duşuşyklary, amaly görkezilişler we ussatlyk sapaklary bilen baýlaşdyryldy. Esasy wakalaryň hatarynda Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlarda oba hojalygyny ösdürmäge bagyşlanan «AgroŞHG» halkara forumy hem-de GDA ýurtlaryndan marketpleýsleri, söwda torlaryny, distribýutorlary we bilermenleri birleşdirýän «Minskde Retail Günleri» elektron söwda we retail forumy bar.
Maksatnamanyň tomaşa böleginde «Iň gowy ýer sürüji», «Iň gowy tohum aty» ýaly hünär bäsleşikleri, oba hojalyk haýwanlarynyň sergisi we «Tagamyň çempiony» atly degustasiýa bäsleşigi geçiriler. Adaty myhmanlar üçin bolsa ýerli kärhanalaryň täze önümleriniň ýarmarkasy bolan «Söwda şäherjigi» guralyp, ol döredijilik toparlarynyň çykyşlary bilen utgaşdyrylar.
ORIENT