«Türkmenaragatnaşyk» agentligi bilen Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy 2024-nji ýylyň 14 - 16-njy noýabry aralygynda Aşgabat şäherinde Telearagatnaşyk, telemetriýa, habar beriş tilsimatlarynyň we teleradioýaýradyş enjamlarynyň «Türkmentel – 2024» atly XVII halkara sergisini we ylmy maslahatyny geçirýär.
Geçen aý Dipuo Mazibuko Hytaýa ilkinji daşary ýurt syýahatyna ugrady, ol ýerde hut özi ýurduň emeli aň boýunça gazananlaryna baha berip, Hytaý we BRIKS-yň beýleki ýurtlar bilen bu pudakda hyzmatdaşlygyň wajyplygyna has gowy düşünip bildi.
Russiýada hemralaryň Ýer bilen X-diapazonda ýokary tizlikli aragatnaşygy üçin enjam işläp taýýarlanyldy. Bu barada “Sitronics Group” Russiýanyň öňdebaryjy IT-kompaniýasynyň habarlar gullugyna salgylanyp, TASS habar berýär.
Ýewropada ykjam aragatnaşyk we nawigasiýa ulgamy dörediler. “Aý yşygy” (Moonlight) atly degişli maksatnama Milanda Ýewropa älem agentligi tarapyndan girizildi.
Ylmy iş boýunça hyzmatdaşlygy ýola goýmak maksady bilen Türkmenistanyň telekommunikasiýa we informatika institutynyň mugallymlary akademik M.F.Reşetnýow adyndaky Sibiriň ylym we tehniologiýalar döwlet uniwersitetine baryp gördüler.