Türkmen ýaşlary Türkmenistanyň sport başlangyçlaryny işjeň goldaýarlar. Ukrainanyň paýtagtynda geçirilen kiçi futbol ýaryşy bolsa türkmen ýaşlarynyň arasynda bedenterbiýäni we sporty ösdürmek strategiýasyna möhüm goldaw bolup, ýaş nesil üçin ajaýyp mysaldyr
Birleşen Milletler Guramasynyň Ilat Gaznasynyň (UNFPA) Türkmenistandaky wekilhanasy Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti bilen bilelikde 27 – 29-njy maý aralygynda geçirilen welosipedli ýörişe gatnaşyjylary sylaglamak dabarasyny geçirdi.
Geçilen aralygy Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Mary — Tejen — Aşgabat bölegi boýunça goýlan welosipedli ýöriş Aşgabatda tamamlandy. Bu barada «Türkmenawtoulaglary» agentligi habar berýär.
2024-nji ýylda Parižde geçiriljek XXXIII tomusky Olimpiýa oýunlarynyň başlanmagyna az wagt galanda, bütin dünýäden olimpiýa hyzmatdaşlary ýaryşyň üstünlikli geçmegine goşant goşmaga taýýarlanýarlar.
Kazanda geçirilýän «Russiýa – Yslam dünýäsi» atly XV halkara ykdysady forumynyň çäklerinde şäheri otda oýnalýan hokkeýiň bütindünýä merkezine öwürmek boýunça giň gerimli meýilnamalar yglan edildi.
Parižde geçiriljek Olimpiýa oýunlaryna üç aý galanda Afina şäheriniň “Panatinaikos” stadionynda Oýunlary guraýjylara Olimpiýa alawyny geçirmek dabarasy boldy.
2024-nji ýylyň 26-njy iýulyndan 11-nji awgustyna çenli Parižde geçiriljek XXXIII Tomusky Olimpiýa oýunlarynyň başlamagyna 100 gün galanda Gresiýadaky Gadymy Olimpiýada Olimpiýa oýunlarynyň alawy ýakyldy.