Ýaş küştçilerimiz baýrakly dolandylar: Garaşsyzlyk baýramy ýeňişler bilen garşylanýar (wideo)
Ähli ugurlar bilen deň hatarda halkara giňişliginde Türkmenistanyň sport abraýy hem gün-günden artýar. Muny geçirilýän iri halkara ýaryşlarynda we olimpiadalarda türgenlerimiziň gazanýan üstünlikleri aýdyň görkezýär. Küştçi ýaşlarymyz hem bu ýyl Garaşsyzlyk baýramyny baýrakly ýeňişleri bilen sowgatly garşylaýarlar.