Ankara we Aşgabat medeni hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagy dowam edýärler: 2025-nji ýylda Türkiýede Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň geçirilmegi meýilleşdirilýär.
Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty bilen bilelikde her ýyl 20-nji aprelde bellenilýän Hytaý diliniň gününe bagyşlanan baýramçylyk çäresini geçirdi
14-nji aprelde, duşenbe güni Osakada 2025-nji ýyldaky Bütindünýä sergisinde Türkmenistan Milli gününi bellän ilkinji ýurt boldy. Bu sergi bir gün öň ýanynda açyldy Türkmenistanyň medeniýet we sungat ussatlarynyň joşgunly aýdym-sazly, tansly çykyşlary dabaranyň myhmanlaryny haýran galdyrdy
11-nji aprelde Türkmenistanyň Gruziýadaky ilçisi Dowletmyrat Seýitmämmedow bilen “LE Khaindrao Production” kompaniýasynyň direktory Georgiý Haindrawanyň arasynda geçirilen duşuşykda iki ýurduň kino sungaty ugrundaky hyzmatdaşlygynyň işjeňleşdirilmegi we onuň täze görnüşleri ara alnyp maslahatlaşyldy
Indiki duşenbe güni Ýaponiýanyň Osaka şäherinde geçiriljek Bütindünýä sergisinde (EXPO-2025) Türkmenistanyň Milli güni giň gerimli we şowhunly baýramçylyk dabarasyna öwrüler
2025-nji ýylyň 10-njy aprelinde Türkmenistanyň Gyrgyz Respublikasyndaky Ilçihanasy tarapyndan Gyrgyz-Türk “Manas” uniwersitetinde 2025-nji ýylyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly diýlip yglan edilmegi hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli çäre geçirildi
Türkmenistanyň Medeniýet ministriniň orunbasary Nursähet Şirimowyň Ulan-Bator şäherine iş saparynyň çäklerinde Mongoliýanyň medeniýet, sport, syýahatçylyk we ýaşlar ministri Çinbat Nomin bilen duşuşygy geçirildi
Mirasy goramak baradaky halkara birleşigi (ALIPH) Ýewropa Bileleşiginiň Daşary syýasat guraly bilen bilelikde Merkezi Aziýanyň medeni mirasyny howa bilen baglanyşykly howplardan goramaga gönükdirilen taslama bäsleşigini yglan edýär.
XI asyra degişli Horasandan tapylan kümüş jam 2025-nji ýylyň 25–29-njy apreli aralygynda Londonda geçiriljek Sotheby's bäsleşikli söwdada — Yslam, oriýentalistlik we Ýakyn Gündogar sungatynyň hepdeliginiň çäklerinde görkeziler