Amerikan ýerine ýetirijileri Türkmenistana Brodweýiň sazlaryny getirýärler
Düýn, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde geçirilen konsertde Brodweýiň sazlary Aşgabadyň aýdym-saz muşdaklaryny gurşap aldy. Bilelikdäki Amerikan-Türkmen konsertinde “Chicago”, “Phantom of the Opera” we “Annie” ýaly mýuzikllardan nusgawy eserler ýaňlandy. Amerikan sungat işgärleri Keýt Bass we Äron Ýaň, Resul Gylyjowyň ýolbaşçylygyndaky Döwlet simfoniki orkestriniň sazandalary, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň solistleri, şeýle hem Mary we Lebap ýaşlar horlary sahnada bilelikde çykyş etdiler. Mundan öň bilelikdäki çykyşlar Mary we Türkmenabat şäherlerinde geçirilip, konsertler köp sanly tomaşaçylaryň ünsüni özüne çekdi.