Samsung

Medeniýet

14.02.2025 21:45
497
ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky wekili Jalpa Ratna Lebap welaýatynyň taryhy-ülkäni öwreniş muzeýine baryp gördi. Muzeýiň işgärleri myhmana muzeý sergileri barada gürrüň berdiler. Olar sebitiň häzirki ösüşini we ykdysady ösüşini görkezmek bilen birlikde, onuň taryhyny, medeni mirasyny we tebigy aýratynlyklaryny hem şöhlelendirýär
13.02.2025 20:40
345
75-nji ýubileý italiýan estrada aýdym festiwaly 11-nji fewral sişenbe güni Liguriýa kenaryndaky San-Remo kurort şäherçesinde açyldy we 15-nji fewral şenbe gününe çenli dowam eder. Esasy baýrak – «Ýewrowideniýe» aýdym bäsleşigine gatnaşmaga hukuk almak ugrunda 29 aýdy we topar bäsleşýär
13.02.2025 19:05
558
27-nji fewralda Magtymguly adyndaky Milli sazly drama teatrynda Türkmenistanyň we Italiýanyň dostlukly gatnaşyklaryna bagyşlanan «Saz baýramy» atly konsert geçiriler. Konsertde türkmen we italýan kompozitorlarynyň eserleri ýerine ýetiriler
12.02.2025 15:50
645
Gadymy halk tansy «Küştdepdi» diňe bir Türkmenistanda ussat we özbaşdak tans toparlarynyň arasynda däl, eýsem daşary ýurt sungat ussatlarynyň arasynda-da uly gyzyklanma döredýär
12.02.2025 14:30
349
Täjigistan we Türkmenistan asyrlar boýy dowam edip gelýän dostluk we ynsanperrwerlik däplerine eýerip, medeni gatnaşyklary pugtalandyrmaga dowam edýär. 2024-nji ýylda iki ýurduň arasyndaky özara gatnaşyk beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny bellemegiň çäklerinde has hem ösdürildi.
11.02.2025 11:45
406
Mary welaýatynyň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýi QR-belgi ulgamyny girizmäge taýýarlanýar. Ol gelýän adamlara häzirki zaman tehnologiýalar arkaly sebitiň taryhy bilen has ýakyn tanyşmaga mümkinçilik berer. Bu barada “Нейтральный Туркменистан” gazetinde habar berilýär.
08.02.2025 12:30
630
2025-nji ýylyň 7-nji fewralynda Türkiýe Respublikasynyň Kyrşehir welaýatynda Türkmenistanyň Hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna, şeýle hem 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi mynasybetli surat sergisi açyldy.
08.02.2025 12:25
558
7-nji fewralda Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň Sungat galereýasynda “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” mynasybetli türkmen suratkeşleriniň döredijilik sergisi açyldy.
07.02.2025 10:50
689
Şu ýylyň 17-nji fewralynda Türkmenistanyň Şekillendiriş muzeýi 20 ýyllyk ýubileýini belleýär. Bu sene mynasybetli ýubileý sergisi meýilleşdirilip, onda muzeýiň kolleksiýasynyň iň gowy eserleri hem-de häzirki zaman suratkeşleriň işleri görkeziler.
05.02.2025 18:40
636
Türkiýe bilen Müsüriň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 100 ýyllygy mynasybetli, iki ýurduň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyny has-da berkitmek baradaky ygrarlylygyny görkezýän möhüm diplomatik ädim hökmünde, Türkiýeden Müsüre 152 sany taryhy tapyndylar gaýtaryldy