Samsung

Wakalar

11.06.2025 01:40
443
Moda dünýäsi täze atlar bilen yzygiderli täzelenýär. 11-12-nji iýun aralygynda Aşgabatda geçiriljek “TurkmenTextile Expo-2025” -de ýurtda dokma dizaýnynyň geljegini kesgitleýän üç sany şöhle saçýan ýyldyz öz kolleksiýalaryny hödürleýär: Läle Nepesowa, Aýna Sari we Mukaddes Ibragimowa. Bular geljegi uly dizaýnerler serginiň esasy moda sergisine gatnaşýarlar
10.06.2025 03:35
463
11-12-nji iýun aralygynda Aşgabat dünýä dizaýnerleri, öňdebaryjy markalar we hünärmenler üçin özüne çekiji merkeze öwrüler. “TurkmenTextile Expo-2025” halkara sergisi Merkezi Aziýada moda we dokma önümlerine bolan garaýşy üýtgetmegi wada berýär. Bu diňe bir sergi däl, eýsem Gündogar bilen Günbataryň, däp-dessurlaryň we täzelikleriň arasyndaky köpri
10.06.2025 00:20
461
11-12-nji iýun aralygynda Aşgabat moda merkezine öwrüler we “TurkmenTextile Expo-2025” atly halkara sergi-ýarmarkasyny geçirer. Bu waka – ösüşiň dabarasy bolup, dünýä modasynyň ussatlarynyň döredijiligi bilen bir münberde öňdebaryjy türkmen dizaýnerleriniň sungaty peýda bolar. Däp-dessurlar, täzelikler we ajaýyp stil arkaly syýahata taýyn boluň
07.06.2025 03:45
439
6-njy iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Nýu-Delide geçirilen “Merkezi Aziýa-Hindistan” dialogynyň dördünji mejlisine gatnaşdy. Bu ýokary derejeli duşuşyk köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň we ykdysady gatnaşyklaryň täze ugurlaryny kesgitlemek üçin alty ýurduň daşary işler ministrlikleriniň ýolbaşçylaryny bir ýere jemledi
05.06.2025 23:25
353
Şu gün Şweýsariýanyň Ženewa şäherinde Howpsuzlyk syýasaty boýunça Ženewadaky merkeziň (GCSP), BMG-niň Ženewadaky edarasynyň ýanyndaky Türkmenistanyň Hemişelik wekilhanasy we Ženawanyň Bitaraplyk merkezi tarapyndan ähmiýetli çekişme (debat) geçirildi
05.06.2025 20:00
342
5-nji iýunda Nýu-Delide Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Hindistan Respublikasynyň Daşary işler ministri Subramanýam Jaýşankaryň arasynda duşuşyk geçirildi. Ministrler ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdyrlar hem-de syýasy dialogy berkitmekde iň ýokary derejelerdäki duşuşyklaryň ähmiýetini bellediler
04.06.2025 11:35
371
Demokratlar partiýasyndan dalaşgär Li Çže Mýon Günorta Koreýanyň prezident saýlawlarynda sesleriň 100% hasaplanmagynyň netijelerine görä ýeňiji boldy.
02.06.2025 15:00
394
2-nji iýunda Prezident Serdar Berdimuhamedow döwlet saparynyň çäklerinde Mongoliýanyň Beýik döwlet Huralynyň (parlamentiniň) Başlygy Daşzegwiýn Amarbaýasgalan bilen duşuşyk geçirdi
02.06.2025 14:30
452
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Mongoliýanyň Prezidenti Uknaagiin Hurelsuhyň arasynda geçirilen gepleşikleriň jemleri boýunça döwlet Baştutanlary bilelikde Beýannama bilen çykyş edip, ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösüşiniň täze tapgyryny yglan etdiler
02.06.2025 13:35
402
Şu gün, 2-nji iýunda Ulan-Batorda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowy resmi garşylamak dabarasy geçirildi. Hormatly myhmany Mongoliýanyň Prezidenti Uhnaagiýn Hurelsuh garşy aldy