Hindistanyň Premýer-ministri Narendra Modi dünýäniň özara baglanyşykly meseleleri barada durup geçdi. Bu meseleler dünýä döwletleri tarapyndan özara baglanyşyklylykda we umumylykda çözülmelidir. Hindi Hökümetiniň Baştutanynyň belleýşi ýaly, şunda 2023-nji ýyla çenli Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde Uly 20-lige girýän ýurtlaryň orny uludyr.
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkeziniň energiýa önümçiligi we üpjünçiligi laboratoriýasynyň müdiri, tehniki ylymlaryň kandidaty Meretmuhammet Hudaýberdiýew işdäaçar taýýarlanylanda gerek bolan azyk önümleri öý şertlerinde toprak ulanmazdan ýetişdirmegiň usulyny hödürleýär. Bu usulda kokos gabygynyň süýümleri peýdalanylýar.
Araly halas etmegiň Halkara gaznasynyň (AHHG) başlyklygyny Täjigistan Gazagystana geçirer. Gaznanyň geňeşi 14-nji sentýabrda meýilleşdirilýän Merkezi Aziýa döwletleriniň ýolbaşçylarynyň maslahat geňeşiniň çäginde Duşanbe şäherinde geçiriler. Bu barada Täjigistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Sodik Imomi aýtdy.
11-12-nji oktýabrda Astrahan şäherinde Nebitgaz pudagynda ýaşlaryň ylmy we tehnikasy boýunça ikinji halkara forumy geçiriler. "Hazar - üstünligiň deňzi" diýlip atlandyrylýan pudaklaýyn forum hususanda, hazarýaka döwletleriň nebitgaz pudagyndaky alymlaryny, mugallymlaryny we ýaş hünärmenlerini bir ýere jemlär.
Alymlara ilkinji gezek Uly adron kollaýderinde dünýäde ähli materianyň içinden geçip bilýän, onuň bilen hiç hili galtaşmaýan iň kiçi we syrly bölejikleri – neýtrinony synlamak başartdy. Munuň özi alymlara tebigatyň binýatlyk kanunlaryna has gowy düşünmäge we Älem nädip dörändigini anyklamaga ýardam berer.
Bu hekaýa, ýene bir gezek hemme zadyň tebigatda biri-birine baglydygyny, bu gatnaşyklaryň näderejede gowşakdygyny we şol bir wagtyň özünde berkdigini, ulgamyna azajyk täsir etmeginiň hem uly we garaşylmadyk netijelere sebäp bolup biljekdigini görkezýär.
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň resmi wekilleriniň, ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, BMG-niň düzümleriniň ýurdumyzdaky wekilhanalarynyň ýolbaşçylary Türkmenistanda Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmegiň barşyny ara alyp maslahatlaşdylar.
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutunyň “Gaýtdan dikeldilýän energiýa çeşmeleri” ylmy-önümçilik merkeziniň hünärmenleri mikroorganizmleriň kömegi bilen biologik usulda lagym suwlaryny arassalamak boýunça ylmy-barlag işine girişdiler.