Samsung

Wakalar

22.08.2025 13:45
451
Şu gün «Awaza» Milli syýahatçylyk zolagynda Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ikitaraplaýyn hem-de resmi wekiliýetleriň gatnaşmagynda gepleşikleri geçirildi. Bu barada Özbegistanyň Prezidentiniň metbugat gullugy habar berýär.
22.08.2025 12:30
436
Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň çakylygy boýunça Türkmenistana iş sapary bilen geldi.
22.08.2025 12:05
412
Şu gün «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň, Azerbaýjan Respublikasynyň we Özbegistan Respublikasynyň ýokary derejeli duşuşygyna gatnaşmak üçin iş sapary bilen ýurdumyza gelen Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew bilen duşuşygy geçirildi.
21.08.2025 12:02
382
Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin awgustyň 20-nde ýurduň Günorta-Günbataryndaky Siszan awtonom welaýatynyň dürli etniki toparlarynyň hem-de jemgyýetiň dürli gatlaklarynyň wekilleri bilen duşuşdy.
21.08.2025 04:30
393
“Türkmen halkynyň asylly däp-dessurlarynyň biri bolan möhüm wezipeleri ara alyp maslahatlaşmak müňlerçe ýyl bäri halkymyzyň durmuşynda dowam edip gelýän demokratik däpleriň biridir. Häzirki taryhy döwürde bu däpleriň ýurdumyzyň ösüşiniň esasyna, ileri tutulýan wezipeleri çözmekde jemgyýetiň hereketlendiriji güýjüne öwrüldi” – diýip, Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisinde nygtady
15.08.2025 18:05
441
Daşkentde öňdebaryjy analitikleri, diplomatlary we halkara guramalarynyň wekillerini bir ýere jemlän VIII Merkezi Aziýanyň bilermenleiniňr forumynyň (MABF) meýdançasynda möhüm bir tegelek stol maslahaty geçirildi
15.08.2025 16:45
1361
Daşkentde “Merkezi Aziýa — ynanyşmagyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň umumy giňişligi” — atly şygar bilen geçirilýän Merkezi Aziýanyň bilermenleriniň VIII forumy (MABF) öz işini dowam etdirýär
14.08.2025 13:44
421
“Merkezi Aziýa — ynanyşmagyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň umumy giňişligi” — atly şygar bilen 14–15 awgustda Daşkentde Merkezi Aziýanyň bilermenleriniň VIII forumy (MABF) geçirilýär
12.08.2025 21:45
451
Türkmenbaşy şäherinde Hazar deňziniň gününe bagyşlanan dabaraly çäreler geçirildi, onuň esasy pursady “Hazar deňzi – dostluk we parahatçylyk deňzi” atly ylmy-amaly maslahat geçirilmegi boldy
12.08.2025 18:25
492
Eýran 2026-njy ýylyň awgust aýynda VII Hazarýaka döwletleriniň sammitini geçirer. Bu barada Eýranyň Türkmenistandaky ilçisi Ali Mojtaba Ruzbehani Halkara Hazar güni mynasybetli Türkmenbaşy şäherinde geçirilen “Hazar deňzi – parahatçylygyň we dostlugyň deňzi” atly maslahatynda eden çykyşynda mälim etdi