Wengriýada Türki Döwletleriň Guramasynyň resmi däl sammiti geçirildi
Wengriýanyň paýtagty Budapeştde 20–21-nji maý aralygynda Türki Döwletleriň Guramasyna (TDG) agza döwlet baştutanlarynyñ resmi däl sammiti geçirildi. Bu gurama türki döwletleriniň arasynda köpugurly hyzmatdaşlygy ösdürmek maksady bilen döredilen halkara guramadyr. Guramanyň doly hukukly agzalary: Gyrgyzystan, Gazagystan, Özbegistan, Türkiýe we Azerbaýjan. Wengriýa bilen Türkmenistan bolsa synçy ýurt hökmünde gatnaşýarlar