

TOPH gaz geçirijisi: Pakistan öňe gitmäge taýýar
Pakistan Hindistan bilen ýa-da onsuz Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň taslamasyny durmuşa geçirmäge başlamaga taýýardygyny görkezdi. Çünki Owganystan bu taslama üçin ýörite güýçleri jemlemäge taýýar. Bu barada nebit we tebigy serişdeler döwlet ministri Musadik Malik ýakynda Saud Arabystanyna amala aşyran saparynyň barşynda aýtdy diýip, Pakistandaky Business Recorder diýen gündelik maliýe gazeti ýazýar.




















