

Türkmenistanyň «Halkbank» PJB nähili karzlary berýär
Türkmenistanyň «Halkbank» paýdarlar täjirçilik banky hemişe döwür bilen deň gadam basýar we iň döwrebap we ýokary hilli maliýe hyzmatlaryny hödürleýär.


Türkmenistanyň «Halkbank» paýdarlar täjirçilik banky hemişe döwür bilen deň gadam basýar we iň döwrebap we ýokary hilli maliýe hyzmatlaryny hödürleýär.


Planetalaryň parady – bu gyzykly astronomiki waka bolup, oňa adaty göz bilen syn edip bolýar. Ol nähili bolýar we Türkmenistanda planetalaryň paradyny haçan görüp bolýar bu makalada okaň.


26-njy martda Türkmenistan ýurdumyzyň mejlisine deputatlaryň umumy saýlawlaryny geçirer - Mejlis, häzirki wagtda kanunlary kabul edýän ýeke-täk döwlet häkimiýeti hökmünde çykyş eder. Ozal bu hukuk Milli Mejlisiň ýokarky we aşaky palatalarynyň arasynda paýlanypdy. Özgertmelerden soň Türkmenistan ýene bir palataly parlamente geçýär.


2023-nji ýylyň 26-27-nji aprelinde BAE-niň Dubaý şäherindäki “Hyatt Regency” myhmanhanasynda Türkmenistanyň energetika ulgamyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça Halkara roud-şou geçiriler. Roud-şounyň guramaçylaryň hatarynda «Türkmengaz» we «Türkmennebit» döwlet konsernleri, şeýle hem «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy GaffneyCline britan kompaniýasynyň goldamagynda «Turkmen Forum» HJ bilen hyzmatdaşlykda çykyş edýärler.


Aşgabatda “Italiýan dizaýnynyň güni 2023” bellenilip geçildi. Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň, Türkmen döwlet binagärlik gurluşyk institutynyň talyplary dizaýn ulgamynda bilermen Matteo Urbinati tarapyndan tapgyrlaýyn geçirilen leksiýalaryň diňleýjileri boldular.


Penşenbe, 9-njy mart güni Aşgabatda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Oba hojalyk ministrleriniň «Azyk howpsuzlygy we howanyň üýtgemegi boýunça hyzmatdaşlyk» mowzugynda 7-nji duşuşygy geçirildi.


Brauzerdäki köp goşmaça sahypalar – bu häzirki wagtda şonsuz internetde işlemek mümkin bolmadyk zatdyr. Hatda gündelik maglumat gözlemek işi hem on ýa-da has köp goşmaça sahypanyň açylmagy bilen dowam edýär.


Tebigatyň janlanyp, gülzarlyga beslenýän ajaýyp bahar paslynyň ilkinji günlerinde bellenilýän Halkara zenanlar güni Türkmenistanda jemgyýetde aýratyn orna eýe bolan enelerimiziň, gelin-gyzlarymyzyň waspy belentden ýetirilýär, KHBS-de telekeçi, türgen zenanlaryň, sungat işgärleri bolan gelin-gyzlaryň üstünlikleri barada gürrüň berilýär. Ýöne meşhurlyga ýeten zenanlaryň aňyrsynda mugallym, lukman, eneke, aşpez, we ş.m. birnäçe kärlerde zähmet çekýän gelin-gyzlaryň müňlerçesi bar.


Witaminler fiziologiki prosesleriň tizligini ýokarlandyrýar, daşky gurşawyň ýaramaz täsirlerinden goraýar, bedeniň ýokanç kesellere garşy durnuklylygyny ýokarlandyrýar we sagalmaga ýardam edýär. Size sagdyn bolmaga kömek etjek witaminler boýunça doly syny (ýöne gysgaça) teklip edýäris.


Türkmen eksportynyň ösüşi we onuň diwersifikasiýasy ykdysadyýetiň nebit däl pudagynyň paýynyň işjeň ýokarlanmagy we daşary ýurt bazarlaryna eksport edilýän harytlaryň görnüşleriniň sanynyň artmagy bilen utgaşýar. 2022-nji ýylda ýurduň eksportynyň umumy möçberi ABŞ-nyň 20 milliard dollaryna golaý, importyň möçberi bolsa takmynan, ABŞ-nyň 7 milliard dollaryna deň boldy.


ICQ - ulanyjylary mähir bilen oňa «aska» diýýärler. Dogry aýdanyňda, bu dünýäniň halaýan häzirki zaman mesenjerleriniň nesillerinden biri hasaplanýar. Ol çärýek asyr mundan ozal peýda boldy we bar bolan ýyllarynyň dowamynda habarlaşmak üçin durnukly aragatnaşyk platformasy bolmak bilen bir hatarda birnäçe gezek «täzeden döremegi» başardy.


Türkmen milli awiagatnadyjysy Turkmenistan airlines golaýda Ýewropanyň Aerobuslary öndürijisinden А300-200Р2F täze ýük uçaryny satyn aldy. Sargydyň çäklerinde şuňa meňzeş modifikasiýaly ýene-de bir uçar satyn almak meýilleşdirilýär. Mundan başga-da, nobatdaky ýük uçaryny amerikanyň Boing öndürijilerinden satyn alynmagyna garaşylýar. Şeýlelikde, ýurduň howa ýük floty günbatar öndürijilerinden 3 sany häzirki zaman howa gämileri bilen üsti ýetiriler, jemi öz düzüminde bolsa 11 sany ýük uçary bar, şol sanda 8 sany Il-76 TD.


«Pariži görmek iň uly bagt. Fransiýanyň paýtagty mende ýatdan çykmajak täsir galdyrdy» – diýip, Türkmenistanyň halk suratkeşi Annadurdy Myradalyýew Pariž-Mary» sergisiniň açylyş dabarasynda ýatlaýar.


Meşhur italýan gitaraçysy we kompozitor Antonio Onorato Magtymguly adyndaky Milli sazly-drama teatrynda Türkmenistan bilen Italiýanyň arasyndaky diplomatik gatnaşyklaryň 30 ýyllygynyň baýram edilmegi mynasybetli ýekelikdäki konserti bilen çykyş etdi.


Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky maliýe hasabatlygynyň iň döwrebap ölçegini – MSFO 9 «Maliýe gurallaryny» ulanýar.