

Ankara - gizlin hazynalaryň mekany
Anadolynyň mes topraklary bilen gurşalan, Türkiýäniň häzirki paýtagty Ankara şäheri asyrlaryň dowamynda köp medeniýetleriň, şol sanda hittit, frigiýa, galat we rim siwilizasiýalarynyň dörän ojagy bolupdyr. Türkiýäniň paýtagty syýahatçylara antika döwründen başlap, häzirki zaman binagärlik täsinlikleri bilen tanyşmaga mümkinçilik berýär. Geliň biz hem bu täsinlikleriň käbirleri bilen tanyş bolalyň.





















