

Owganystan we Merkezi Aziýa: durnuklylygyň we umumy gülläp ösüşiň altyn açarynyň gözleginde
Geçen aý Owganystanda täze häkimiýetiň gelmeginiň üç ýyllygy bellenildi. Ýurdy üç ýylyň dowamynda dolandyrmak – az wagt hem däldir. Emma dünýä bileleşiginde bu ýurduň ýagdaýy entegäm aladalary döredýär. Sebäbi Owganystan uly ynsanperwer, ykdysady we syýasy meselelere duçar boldy, we olar goňşy ýurtlaryň we tutuş sebitiň ýagdaýyna öz täsirini ýetirýärler.



















