HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistandaky CNPC International Ltd. gaz syzyşlaryny ýüze çykarmak hyzmaty boýunça tender yglan edýär

Maý 21, 2026 | 23:49 |8238
China National Petroleum Corporation «International Ltd.» Türkmenistandaky şahamçasy «Bagtyýarlyk» şertnamalaýyn çäginde 2026–2029-njy ýyllar üçin düýp operasiýalary wagtynda muftaly birleşmelerde gaz syzyşlaryny hem-de nasos-kompressor turbalarynyň (NKT) kemçiliklerini anyklamak hyzmatlaryny ýerine ýetirmek boýunça № CIT-26019-SR belgili tender yglan etdiChina National Petroleum Corporation «International Ltd.» Türkmenistandaky şahamçasy «Bagtyýarlyk» şertnamalaýyn çäginde 2026–2029-njy ýyllar üçin düýp operasiýalary wagtynda muftaly birleşmelerde gaz syzyşlaryny hem-de nasos-kompressor turbalarynyň (NKT) kemçiliklerini anyklamak hyzmatlaryny ýerine ýetirmek boýunça № CIT-26019-SR belgili tender yglan etdi
Çeşme: tmgeology.gov

China National Petroleum Corporation «International Ltd.» Türkmenistandaky şahamçasy «Bagtyýarlyk» şertnamalaýyn çäginde 2026–2029-njy ýyllar üçin düýp operasiýalary wagtynda muftaly birleşmelerde gaz syzyşlaryny hem-de nasos-kompressor turbalarynyň (NKT) kemçiliklerini anyklamak hyzmatlaryny ýerine ýetirmek boýunça № CIT-26019-SR belgili tender yglan etdi.

Tenderiň şertlerine laýyklykda, bu hyzmatlar esasan ýerasty enjamlary bilen bilelikde NKT sütünini buraw desgasyna düşürmek işleri wagtynda ulanylar.

Potratçy tarapyndan geliý ulanmak arkaly NKT-niň muftaly birleşmelerindäki gaz syzyşlaryny anyklamak üçin zerur enjamlar toplumy, meýdança lageri, hünärmen işgärler hem-de degişli gurallar üpjün edilmelidir. Şeýle hem, düzüminde wodorod sulfidi we kömürturşy gazy ýokary bolan gaz känlerinde NKT-niň zyýansyz usul arkaly defektoskopiýasyny geçirmek göz öňünde tutulýar.

Gatnaşmagyň şertleri

Gyzyklanma bildirýän kompaniýalar:

• tenderiň belgisi we ady, gatnaşyjynyň doly ady, hukuk ýagdaýy, hasaba alnan ýurdy we rekwizitleri görkezilen resmi arzany tabşyrmaly;

• tender resminamalaryny (ITB) almak üçin töleg geçirmek boýunça hasaby almaly;

• kompaniýanyň wekiliň pasportynyň nusgasyny, tender resminamalaryny almaga ygtyýar berýän baş ynanç hatynyň nusgasyny hem-de töleg geçirilendigini tassyklaýan resminamanyň nusgasyny hödürlemeli.

Arzalary kabul etmegiň möhleti 7 senenama güni bolup, 2026-njy ýylyň 19-njy maýyndan 25-nji maýyna çenli dowam edýär. Görkezilen möhletden soň tabşyrylan arzalar garalmaga kabul edilmeýär.

Habarlaşmak üçin maglumatlar

Tender boýunça goşmaça maglumatlary we arzalary tabşyrmagyň tertibini şu salgy arkaly alyp bolýar:

Bitarap Türkmenistan şaýoly, 553/3,

Türkmenistandaky CNPC International Ltd. edarasy, Aşgabat, Türkmenistan.

Habarlaşmak üçin şahs — Narine Simonýan.

Telefon: (+993 12) 44-54-34.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
“Arkadagyň Ruhy metjidi” dini guramasynyň başlygy, Baş ymamy Ýalkap Hojagulyýew Päkistana sapar bilen bardy

“Arkadagyň Ruhy metjidi” dini guramasynyň başlygy, Baş ymamy Ýalkap Hojagulyýew Päkistana sapar bilen bardy

23:31 Oktýabr 27, 2026
Aşgabatda halkara ulag forumy we «Türkmentel – 2026» sergisi geçiriler

Aşgabatda halkara ulag forumy we «Türkmentel – 2026» sergisi geçiriler

21:45 Oktýabr 27, 2026
Aşgabatda Türkmenistanyň Prezidentiniň kitabynyň ýapon dilindäki neşiriniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi

Aşgabatda Türkmenistanyň Prezidentiniň kitabynyň ýapon dilindäki neşiriniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi

15:15 Oktýabr 27, 2026