HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Gazagystanyň günbatarynda Eýfel diňiniň nusgasy gurlar

Maý 19, 2026 | 22:10 |3827
Günbatar-Gazagystan welaýatynyň obalarynyň birinde meşhur Eýfel diňiniň nusgasy peýda bolar. Ony ýerli mekdebiň uçurymlary gurmagy karar etdilerGünbatar-Gazagystan welaýatynyň obalarynyň birinde meşhur Eýfel diňiniň nusgasy peýda bolar. Ony ýerli mekdebiň uçurymlary gurmagy karar etdiler
Çeşme: mail.ru

Günbatar-Gazagystan welaýatynyň obalarynyň birinde meşhur Eýfel diňiniň nusgasy peýda bolar. Ony ýerli mekdebiň uçurymlary gurmagy karar etdiler.

NUR.kz-iň maglumatyna görä, Günbatar-Gazagystan welaýatynyň Žalpaktal obasynyň ýaşaýjylary Fransiýa birneme ýakyn bolmak üçin obada Eýfel diňiniň nusgasyny gurmagy meýilleşdirýärler. Boýy 30 metre ýetjek bu gurluşygy obanyň mekdebiniň uçurymlary sowgat hökmünde gurarlar.

Mälim bolşuna görä, bu obada 10 ýyldan gowrak mundan ozal gyzykly bir däp emele gelipdir. Mekdebi tamamlanyna ýubileý ýyly dolýan uçurymlar her ýylyň 25-nji maýa oba uly sowgat taýýarlaýarlar. Şu ýyllaryň dowamynda olar birnäçe seýilgähleri, çagalar meýdançalaryny, heýkelleri we çüwdürimleri gurupdyrlar. Bu gezek bolsa dünýäniň iň meşhur diňleriniň birine ýüzlendiler.

“Elbetde, adamlaryň pikirleri bölündi. Sosial torlardaky käbir ulanyjylar welaýat merkezinden 300 kilometr uzaklykda ýerleşýän oba üçin ýollary abatlamak ýaly has peýdaly taslamalaryň zerurdygyny aýdýarlar. Beýlekiler bolsa, diň bolmadyk ýagdaýynda bu oba barada bütin Gazagystanda gürrüň edilmezdi diýip hasap edýärler” diýip, Nur.kz ýerli metbugatyň teswirlerini getirýär.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Azerbaýjanyň Prezidenti Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli Serdar Berdimuhamedowa gutlag iberdi

Azerbaýjanyň Prezidenti Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli Serdar Berdimuhamedowa gutlag iberdi

05:38 Sentýabr 26, 2026
Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde emeli aň boýunça maslahat geçiriler

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde emeli aň boýunça maslahat geçiriler

05:29 Sentýabr 26, 2026
Türkmenistanly mugallymlar Ýaponiýada okuw we ylmy barlaglary geçirerler

Türkmenistanly mugallymlar Ýaponiýada okuw we ylmy barlaglary geçirerler

05:16 Sentýabr 26, 2026