HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Gurbanguly Berdimuhamedow Windzor galasynda duşuşyklar geçirdi

Maý 18, 2026 | 22:56 |4931
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Londona saparynyň çäginde Windzor galasyna baryp gördi we ol ýerde Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Patyşasy Karl III bilen duşuşdyTürkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Londona saparynyň çäginde Windzor galasyna baryp gördi we ol ýerde Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Patyşasy Karl III bilen duşuşdy
Çeşme: shearings.com

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Londona saparynyň çäginde Windzor galasyna baryp gördi we ol ýerde Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Patyşasy Karl III bilen duşuşdy.

Birleşen Patyşalygyň Patyşasy 2015-nji ýylyň martynda “Çanakkala” ýadygärlikler toplumynda geçirilen çärelerde Gurbanguly Berdimuhamedow bilen bolan söhbetdeşligini we Prezident Serdar Berdimuhamedowyň 2023-nji ýylda Londona amala aşyran saparyny ýakymly duýgular bilen ýatlaýandygyny nygtady hem-de ýokary derejedäki gatnaşyklaryň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin ygtybarly binýat bolup hyzmat edýändigini belledi.

Karl III Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewanyň sapara gatnaşmagyna aýratyn üns berdi we munuň özi bolsa britan halkyna goýulýan çuňňur hormatyň nyşanydygyny belledi. Saparyň çäginde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy şeýle hem Edinburgyň Gersogy Şazada Edwardyň maşgalasy hanym Sofi Helen bilen gürrüňdeş boldy.

Bu duşuşyklaryň dowamynda taraplar türkmen ahalteke bedewlerini halkara atçylyk düzümlerine goşmak we mümkinçiligi çäkli çagalary dikeltmekde ippoterapiýany ulanmagyň ylmy ugurlaryny jikme-jik ara alyp maslahatlaşdylar. Bu tejribeler Birleşen Patyşalygyň Patyşa maşgalasynda uly gyzyklanma döretdi.

Gurbanguly Berdimuhamedow britaniýaly hyzmatdaşlary bilen taryhy ähmiýetli waka baradaky maglumaty paýlaşdy: 1956-njy ýylda meşhur türkmen bedewi Meleguş şol wagtky çapyksywar bilen bedewiň sazlaşygyna haýran galan Şa zenany Ýelizaweta II-ä sowgat berlipdir.

Maksatnamanyň dowamynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Windzorda türkmen at esbaplarynyň we halylarynyň ýöriteleşdirilen sergisine baryp gördi, halkara atçylyk oýunlaryna tomaşa etdi we Azerbaýjan Respublikasynyň Döwlet serhet gullugynyň başlygy Elçin Guliýew bilen duşuşdy. Ol Prezident Ilham Aliýewiň mähirli salamyny ýetirdi.

Saparyň ahyrynda Patyşa maşgalasynyň agzalary Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli geçiriljek dabaralara gatnaşmak üçin Aşgabada gelmek baradaky çakylygyny minnetdarlyk bilen kabul etdiler.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Minskde Türkmenistanyň we Mongoliýanyň ilçileriniň duşuşygy geçirildi

Minskde Türkmenistanyň we Mongoliýanyň ilçileriniň duşuşygy geçirildi

01:47 Iýun 18, 2026
Türkmenistanyň başlangyjy bilen Nýu-Ýorkda BMG-niň üçünji Oýunlary açyldy

Türkmenistanyň başlangyjy bilen Nýu-Ýorkda BMG-niň üçünji Oýunlary açyldy

01:42 Iýun 18, 2026
Türkmen küştçisi Aktobede geçirilen halkara ýaryşda zenanlaryň arasynda iň gowy netijäni görkezdi

Türkmen küştçisi Aktobede geçirilen halkara ýaryşda zenanlaryň arasynda iň gowy netijäni görkezdi

01:38 Iýun 18, 2026